Habarlar
Pariž olimpiadasynyň futbol ýaryşynda finala çykan toparlar belli boldy. Erkekleriň arasyndaky finalda ýer eýeleri Fransiýa bilen Ispaniýanyň olimpiýa ýygyndylary duşuşarlar. Iki topar hem ýarym finalda Demirgazyk Afrikanyň wekillerini – Müsüri bilen Marokkony ýeňlişe sezewar etdiler.
Ýer eýeleri goşmaça wagtda ýeňiş gazandy
Fransiýanyň olimpiýa ýygyndysy Müsüriň ýygyndysy bilen bolan duşuşygyň esasy wagtynyň soňky minutlarynda hasaby deňläp, goşmaça wagtda ýeňmegi başardy. 62-nji minutda Mahmut Saberiň goly bilen öňe geçen müsürlileriň derwezesinden 83-nji minutda hasaby deňlän goly Mateta geçirdi. Goşmaça wagtyň ilkinji minutlarynda Müsür 1 oýunçy kem galdy. 99-njy minutda Mateta hasaby 2-1-e ýeterdi. 108-nji minutda Olise oýna soňky nokady goýup, Fransiýa 3-1 hasabynda ýeňiş gazandy we 40 ýyldan soň 3-nji gezek finala çykdy. Fransiýa 1984-nji ýylda altyn medal gazanyp, ondan öňem 1900-nji ýylda Parižde finalda Britaniýadan asgyn gelipdi.
Ispanlar 5-nji gezek finalda
Ispaniýanyň olimpiýa ýygyndysy ýarym finalda Marokkonyň olimpiýa ýygyndysyny 2-1 hasabynda ýeňdi. 1-nji ýarymda Rahiminiň 37-nji minutda penaltiden geçiren goly bilen öňe saýlanan marokkolylar bu üstünligini saklap bilmediler. 65-nji minutda Fermin Lopez hasaby deňlese, 86-njy minutda Huanlu ispanlara ýeňiş getiren oýunçy boldy. Ispaniýanyň olimpiýa topary 5-nji gezek finala çykyp, olar mundan öň diňe 1992-nji ýylda altyn medaly gazanypdylar. 1920-nji, 2000-nji we 2020-nji ýyllarda degişlilikde, Belgiýadyr Kamerundan hem-de Braziliýadan asgyn gelipdiler.
Final 9-njy awgustda
Fransiýa bilen Ispaniýanyň arasyndaky final duşuşygy 9-njy awgustda Pariždäki «Park de Prens» stadionynda oýnalar. Ondan öň 8-nji awgustda Müsür bilen Marokkonyň olimpiýa toparlary bürünç medal ugrunda Nant şäherinde duşuşarlar.
Zenanlaryň arasynda-da ýarym final duşuşyklary şu gün geçiriler. Sagat 21:00-da ABŞ bilen Germaniýanyň, 00:00-da bolsa Braziliýa bilen Ispaniýanyň zenanlar toparlary finala çykmak üçin duşuşyk geçirerler.
Türkiýe Respublikasynyň Taýboks federasiýasy türkmenistanly türgenleriň 14 ― 18-nji awgust aralygynda Stambul şäherinde geçiriljek türk dünýäsiniň çempionatyna gatnaşjakdygyny habar berdi.
Anadolu agentliginiň ýazmagyna görä, bu ýaryş Türkiýäniň Ýaşlar we sport ministrligi, TÜRKSOÝ we Türki döwletleriň guramasy tarapyndan geçirilýär.
Halkara ýaryşa Türkmenistandan başga-da türkiýeli, azerbaýjanly, gyrgyzystanly, gazagystanly, özbegistanly, wengeriýaly, eýranly, bosnýaly türgenler gatnaşar.
Ýaryşyň resmi açylyş dabarasy 15-nji awgustda bolar. Final tutluşyklar bolsa 18-nji awgustda geçiriler.
Azerbaýjanyň Premýer-ligasynda birinji tapgyryň duşuşyklary geçirildi.
Türkmen hünärmeni Gurban Berdiýewiň ýolbaşçylygyndaky «Turan Towuz» topary myhmançylykda «Neftçi» bilen duşuşdy.
Bu duşuşykda ýeňiji kesgitlenmedi. Oýun 0:0 hasabynda tamamlandy. Şeýlelikde, klublaryň ikisi hem çempionatdaky birinji utugyny gazandy.
«Umuman, biz öňünden hem duşuşygyň agyr geçjekdigini çaklapdyk. «Neftçi» — güýçli topar. Bu duşuşyk biziň ýetmezçiliklerimizi ýüze çykardy, haýsy ugurlar boýunça işlemelidigimizi aýan etdi. Men bu topar üçin işlemekden hoşal. Heniz hüjümiň üstünde işlemeli. Oglanlar nähili oýnamalydygyny bilýärler we wagtyň geçmegi bilen bu meseläni oňyn çözmegi başararlar» — diýip, belleýän Gurban Berdiýewiň sözlerini «azerisport.com» getirýär.
Geçen ýyl «Turan» çempionaty altynjy basgançakda, «Neftçi» bolsa bäşinji orunda tamamlady. Şonda çempionlyga ýetmek «Karabaha» miýesser edipdi. Täze möwsümde Gurban Berdiýewiň ýolbaşçylygyndaky «Turan» toparynyň has gowy netijelere eýelik etmegine garaşylýar.
«Gothia Cup» atly halkara futbol ýaryşy 1975-nji ýylda esaslandyryldy we şol wagt dünýäde ýetginjekleriň arasyndaky iň uly bäsleşikleriň biri hökmünde meşhur bolupdy. «Gothia Special Olympics Trophy» bäsleşigi bolsa mümkinçiligi çäkli türgenleri goldamak maksady bilen, şol ýaryşyň bir bölegi hökmünde 2014-nji ýylda döredildi.
Ine, golaýda bolsa Türkmenistanyň Ýörite olimpiada milli merkeziniň kiçi futbol boýunça ýygyndy topary ilkinji gezek «Gothia Special Olympics Trophy» ýaryşynda çykyş etdi. Şu ýyl bu abraýly bäsleşik 15 ýurtdan 24 topary bir ýere jemledi. Şolaryň 20-si erkekler, 4-si bolsa zenanlar toparlarydyr.
Türkmen toparynyň düzümine Balkan welaýatyndan bäş türgen, Marydan üç futbolçy, paýtagtymyz Aşgabatdan bolsa iki oýunçy girdi. Türkmen wekiliýetine tälimçileriň ikisi agzalyk edip, şolaryň biri Balkan welaýatynda bedenterbiýe mugallymy hökmünde zähmet çekýän Gurbantagan Ylýasow, beýlekisi bolsa Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi, Aşgabat şäheriniň 11-nji sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy Rejep Nurberdiýewdir. Milli wekiliýete Türkmenistanyň Ýörite olimpiada milli merkeziniň halkara gatnaşyklary boýunça hünärmeni Gülnar Hojamyradowa ýolbaşçylyk etdi.
Ýaryşyň öňüsyrasynda saýlama duşuşyklar ýaýbaňlandyryldy we şolaryň netijesinde Türkmenistanyň ýygyndy topary dördünji toparçada çykyş etmek mümkinçiligine eýe boldy. Toparçadaky tapgyrda ildeşlerimiz Estoniýanyň, Fransiýanyň hem-de Şwesiýanyň ýygyndy toparlarynyň ýeňlişe sezewar etdiler. Final duşuşykda bolsa Türkmenistanyň Ýörite olimpiada milli merkeziniň topary Indoneziýadan bolan futbolçylardan asgyn geldiler — 1:2. Şeýlelikde, türkmen topary ýaryşyň kümüş medalyny eýeledi.
Ýaryşyň jemi boýunça Türkmenistanyň ýygyndy topary medallar hem-de ýörite Kubok bilen sylaglandy. Bu ýeňiş Türkmenistanda sport bilen meşgullanmak üçin döredilýän giň şert-mümkinçilikleriň aýdyň görkezijisine öwrüldi.
Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň olimpiýa ätiýaçlygyny emele getirýän Geljekki olimpiýaçylaryň ýöriteleşdirilen çagalar-ýetginjekler sport mekdebi (GOÝÇSM) öz toparlaryna 2017-nji ýylda doglan ýetginjekleri kabul edýändigini yglan edýär. Bu barada «Нейтральный Туркменистан» gazetinde habar berildi.
Türgenleşikleriň saýlama işleri 1-nji sentýabrda Aşgabatda geçiriler. Synaglar diňe Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary üçin geçirilýär.
Saýlama synaglary 8:00-dan 11:00-a çenli dowam eder.
Geçirilýän ýeri: «Aşgabat» köpugurly stadiony.
Ýaş futbolçylar ýany bilen sport eşiklerini (futbol oýnamak üçin zerur bolan egin-eşikler), dogluş hakyndaky şahadatnamasynyň nusgasyny hem-de 3х4 sm ölçegdäki suratyny getirmelidir.
Goşmaça maglumat üçin şu telefon belgileri boýunça habarlaşyp bilersiňiz: +99365627910 we +99365049248.
Futbol toparynyň bir bölegi bolmak mümkinçiligini elden gidermäň!
Türkmenistanyň futbol çempionatynda tomusky transfer möwsümi tamamlandy.
Biz «Arkadag» futbol klubynyň Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň derwezeçisi Rüstem Ahallyýewi düzümine goşandygyny, «Ahalyň» bolsa üç futbolçyny transfer edendigini habar beripdik.
Mundan başga-da, nobatdaky transfer möwsüminiň ahyrynda «Aşgabat», «Köpetdag» , «Merw» hem-de «Nebitçi» toparlary täze futbolçylar bilen düzümini güýçlendirdi:
- «Aşgabat» FK
Şyhdurdy Amandurdyýew, Orazaly Begnazarow (ikisi-de, «Ahal»), Şyhberdi Baýnazarow («Köpetdag»), Bäşim Gurbanberdiýew (Nebitçi, kärendesine), Nepesmyrat Lallakow, Öwezmyrat Öwezmyradow, Akmyrat Durdyýew («Deňizçi» futzal kluby).
- «Köpetdag» FK
Jumamyrat Jumaýew («Aşgabat»)
- «Merw» FK
Timur Umirow, Mekan Ýazmyradow, Reşit Çerkezow, Farid Kamaleddinow (hemmesi «Energetik»)
- «Nebitçi» FK
Murat Ýakşiýew («Köpetdag»), Emir Berdiýew, Batyr Gaýlyýew (ikisi-de kärendesine, «Şagadam»), Baýramgeldi Nurlyýew, Yhlas Gurbanow.
«Turan-Towuz» toparynyň kapitany Şähriýar Aliýew «azerisport.com» neşirine toparyň Azerbaýjanyň premýer-ligasynyň täze möwsümine görýän taýýarlyk işleri hem-de klubuň täze tälimçisi — türkmen hünärmeni Gurban Berdiýew hakyndaky pikirlerini gürrüň berdi.
«Ilki bilen biz Baku şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçdik. Soňra Gabala ugradyk, şondan soň—Türkiýä. Gabalada fiziki taýýarlygymyzyň üstünde işledik. Türkiýede bolsa badalga aljak milli çempionata taýýarlyk görmek maksady bilen, ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirdik. Biz çempionata diýseň taýýarlykly barmak üçin gündelik türgenleşik işlerini alyp barýarys. Şu ýerde başdaky üç tapgyryň örän agyr boljakdygyny bellemek gerek.
Baş tälimçimiz Gurban Berdiýew bize dürli gönükmeleri berýär. Bize ýetmezçiliklerimizi yzygiderli görkezip durýar. Düşünmedik pursatlarymyzy, mümkinçiliklerimizi düşündirýär. Ol biziň oýnumyzdaky her bir ownuk bölege hem üns berýär. Gurban Bersiýew toparymyza ähli başarnygyny siňdirýär.
Belki, öňde boljak möwsüm geçen futbol möwsüminden has agyr bolar. Toparlaryň ählisi düzümini güýçlendirdi we netijeli çykyş etmek isleýärler. Biz hem ýokary depginde taýýarlanýarys. Iň gowy netijeleri görkezmäge çalşarys» — diýip, Aliýew belledi.
Parižde dowam edýän tomusky Olimpiýa oýunlarynda erkekleriň arasyndaky futbol ýaryşynda ýarym finala çykan toparlar belli boldy. Bir günde tamamlanan çärýek final duşuşyklarynda Marokkonyň Olimpiýa topary ABŞ-nyň Olimpiýa ýygyndysynyň derwezesinden jogapsyz 4 gol geçirdi. Gollary Rahimi (29 p), Ahomaç (63), Hakimi (70) hem-de Mauhub (90+1 p) öz atlaryna ýazdyrdylar.
Ispanlara-da ýaponlary ýeňmek kyn düşmedi. Fermin Lopesiň (11, 73) hem-de Abel Ruisiň (86) gollary bilen 3-0 hasabynda ýeňiş gazanan Ispaniýa ýarym finala çykdy.
Çekeleşikli geçen oýunda Müsür bilen Paragwaýyň U23 toparlary duşuşdy. Paragwaýlylar 71-nji minutda Diego Gomesiň goly bilen öňe geçse, müsürliler 88-nji minutda Ibrahim Adeliň dürs urgusy esasynda hasaby deňlediler. Esasy wagty 1-1 gutaran duşuşygyň goşmaça 30 minutynda-da hasap üýtgemedi. Penaltilerde Müsür 5-4 hasabynda ýeňip, ýarym finalçy boldy.
Ýer eýeleri Fransiýa bilen Argentinanyň arasyndaky oýunda ýeňijini ýeke-täk gol kesgitledi. Şol goly-da oýnuň 5-nji minutynda Žan-Filipp Mateta öz adyna ýazdyrdy.
Şunlukda, 5-nji awgustda oýnaljak ýarym finalda Marokko bilen Ispaniýanyň (21:00) hem-de Fransiýa bilen Müsüriň (00:00) olimpiýa ýygyndylary duşuşarlar. Finalda Ýewropanyň 2 wekiliniň ýa-da Afrikanyň 2 wekiliniň duşuşmagy mümkin. Bürünç medal ugrundaky oýun 8-nji, final 9-njy awgustda geçiriler.
«Ahal» futbol kluby Türkiýäniň Kartepe şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçýär. Bu barada klubuň metbugat gullugy habar berýär.
Türkmen kluby şol ýerde geçýän taýýarlyk işleriniň barşynda ýerli «Fethiespor» topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi. Duşuşyk 3:1 hasabynda «Ahal» futbol klubynyň ýeňşi bilen tamamlandy.
Ýeňiş gazanan topardan Elman Tagaýew dubl etmegiň hötdesinden geldi. Ýene bir goly bolsa hüjümçi Daýanç Meredow geçirdi.
4-nji awgustda Welsähet Öwezowyň şägirtleriniň Saud Arabystanynyň «Al-Ahdoud», 7-nji awgustda bolsa Eýranyň «Gol Gohar» topary bilen ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirmegi meýilleşdirilýär. «Ahal» toparynyň bu okuw-türgenleşik ýygnanyşygy futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň 16-njy awgustda başlanjak nobatdaky — üçünji tapgyrynyň öňüsyrasyndaky ähmiýetli taýýarlygyň möhüm bölegidir.
Parižde dowam edýän XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynda tennis boýunça geçirilýän ýaryşlaryň ählisinde hem finala çykanlar belli boldy.
Erkekleriň arasynda ýaňy-ýakynda «Uimbldonda» finalda duşuşan serbiýaly Nowak Jokowiç bilen ispaniýaly Karlos Alkaras finalda duşuşarlar. Jokowiç ýarym finalda italiýaly Lorenzo Musettini 6:4 we 6:2 hasaplar bilen ýeňip, karýerasynda ilkinji gezek Olimpiýa oýunlarynda finalda oýnamaga hukuk gazandy.
Alkaras bolsa ýarym finalda kanadaly Feliks Ože-Alýassimi 6:1 we 6:1 hasaplary bilen utdy. Ože-Alýassim çärýek finalda russiýaly Daniil Medwedewi ýeňipdi.
Erkekleriň arasyndaky final duşuşygy 4-nji awgustda oýnalar.
Zenanlaryň arasynda bolsa çempion şu gün belli bolar. Altyn medal ugrundaky finalda hytaýly Çžen Sinwen bilen horwatiýaly Donna Wekiç duşuşar.
Zenanlaryň arasynda bürünç medala polşaly Iga Şwentek mynasyp boldy. Ol 3-nji ýer üçin geçirilen duşuşykda slowakiýaly Anna Karolina Şmeidlowany 6:2 we 6:1 hasaplar bilen utdy.
Jübütleýin ýaryşlarda garyşyk jübütlerde çehiýaly Tomaş Mahaç bilen Karolina Siniakowa ikisi finalda hytaýly Çžen Çžiçžen bilen Wan Sinýiýuý ikisini ýeňlişe sezewar etdi (6:2, 5:7, 10:8).
Erkekleriň arasyndaky jübütleýin ýaryşda amerikaly (Ostin Kraýiçek, Rajeew Ram) hem-de awstraliýaly (Mattýuw Ebden, Jon Pirs) tennisçiler duşuşarlar.
Zenanlaryň arasyndaky jübütleýin ýaryşda-da ýekelikdäki bitarap türgenler ady bilen gatnaşýan russiýaly Mirra Andreýewa bilen Diana Şnaýder ikisi italiýaly Sarra Errani we Jasmin Paolini bilen duşuşarlar.
Türkmen ýeňil atletikaçysy Walentina Meredowa, 2024-nji ýylyň Pariž Olimpiýa oýunlaryndaky çykyşynda, 100 metre ylgamakda möwsümiň iň gowy netijesini görkezdi. 39 ýaşly türgen bäsleşigiň birinji tapgyrynda aralygy 11,95 sekuntda geçdi, emma bu netije ýarym finala çykmak üçin ýeterlik bolmady.
Meredowa, bu Olimpiýa oýunlarynda ýeňil atletika boýunça Türkmenistanyň ýeke-täk wekili hökmünde gatnaşýar, deslapky tapgyrda ol ylgawda 12,01 sekuntlyk wagt bilen dördünji netijäni görkezdi. Bu netije oňa bäsleşigiň indiki tapgyryna geçen 17 sany türgeniň arasynda 16-njy orny üpjün etdi.
Walentina Meredowa üçin bu 2008-nji ýylda Pekin Oýunlaryndan soň ikinji Olimpiaýada boldy. Ol Parižde çykyş etýän türkmen toparynyň içinde iň tejribeli türgen hasaplanýar. Meredowa şeýle-de 2008-nji ýylda Almatyda 100 metre ylgamakda 11,56 sekunt bilen goýan Türkmenistanyň milli rekordyny saklaýar.
Fransiýanyň paýtagty Parižde dowam edýän XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň 5-nji gününde ýüzmek boýunça 5 ugruň ýeňijileri belli boldy. Şolaryň 2-sinde fransiýaly ýüzüji Leon Marşan taryhy başarnyk görkezip, altyn medallary gazanmagy başardy. Ol ilki 200 metr brass usulda ýüzmekde 2 minut 05,85 sekuntlyk görkeziji bilen pellehana geldi. Bu görkeziji Olimpiýa rekordy hökmünde hasaba alyndy. Ozalky rekordy Tokio 2020-de wengriýaly Kristof Milaga degişlidi.
Öz janköýerleriniňem uly goldawyny alan 22 ýaşyndaky Marşan 2 sagatdan soň 200 metr batterflýaý ýüzmek ýaryşynyň finalyna gatnaşdy. Ol 1 minut 51,21 sekuntda ýaryşy tamamlap, ýene bir olimpiýa rekordyny täzeledi. Bu ugurda-da ozalky rekordy Marşandan soň ýaryşy 2-nji bolup tamamlan wengriýaly Kristof Milaga degişlidi. Ol Tokioda rekordy öz adyna geçiripdi.
Şunlukda, Marşan Parižde geçirilýän tomusky Olimpiýa oýunlarynda 3 altyn medal gazanan ilkinji türgen boldy. Ol 3 gün öňem 400 metre garyşyk ýüzmek ýaryşynda Maýkl Felpsiň 16 ýyllyk rekordyny täzeläp, altyn medaly boýnuna dakypdy.