AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

Olimpiýa şäherçesi barada

Olimpiýa şäherçesi barada

Merkezi Aziýa sebitinde özboluşly desga, ýapyk Aziýa oýunlarynyň geçiriljek ýerine öwrüldi, ol Olimpiýa stadiony, Paralimpiýa toplumy we Reabilitasiýa lukmançylyk merkezi ýaly dürli maksatly 30-dan gowrak desgany öz içine alýar. Gurluşygyň başlangyjy Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow. Şäherçede oýunlaryň açylyş we ýapylyş dabaralary, ähli ýaryşlar, şeýle hem baýrak gowşurylyş dabarasy geçirildi.
Sport toplumlary

Sport toplumlary

Obýekt Aşgabat «Olimpiýa» stadiony Welotrek sport toplumy Başa-baş söweş sungaty sport toplumy Ýeňil atletika toplumy Uly türgenleşik zallary Tennis toplumy Olimpiýa suw toplumy (basseýn) Kiçi türgenleşik zallary Köp ugurly açyk sport meýdançalary Sportuň oýun görnüşleriniň toplumy
Sygymlylygy 45000 6000 5000 5000 3000 4000 5000 2500 2152 15000
Myhmanhanalar

Myhmanhanalar

«Olimpiýa» myhmanhanasynyň sygymlylygy 450

Prezident lýuksy - 1; bir orunlyk otag - 136; iki orunlyk otag - 36; lýuks otag - 45; apartamentler - 5; mümkinçilikleri çäklendirilen adamlar üçin otaglar - 2; 5 sany mejlisler zaly - 114; 2 sany restoran - 256; bar -58; laundj bar - 71; konditer önümleri kafesi- 45; SPA merkezi


«Sport» myhmahanasynyň sygymlylygy 800

Prezident lýuksy - 2; 1 orunlyk otag - 228; 2 orunlyk otag - 108; lýuks otag - 48; apartamentler - 64; mümkinçilikleri çäklendirilen adamlar üçin otaglar - 8; mejlisler zaly - 700; 4 sany restoran - 1030; 2 sany kafe - 178; SPA merkezi

Infrastruktura

Infrastruktura

Monorels uzynlygy - 5138 metra barabardyr

Beýiklihi 6 m-dan 13 m çenli; 8 sany duralga; bir otlynyň sygymlylygy 70 adam; tizligi 46km/sag (iň ýokary ttizlik 70 km/sag);


Saglygy dikeldiş merkezi

MRT; UZI; EKG; refleksoterapiýa; wakum terapiýa; galwan terapiýa; fizioterapiýa; elektroterapiýa; doplerografiýa. labaratoriýa; gimnastika zaly; hassalar üçin 8 sany otag; 1 massaž otagy; 1 howuz (basseýn); 1 kafe.

SPORTUŇ OÝUN GÖRNÜŞLERINIŇ TOPLUMY

SPORTUŇ OÝUN GÖRNÜŞLERINIŇ TOPLUMY

Ak şähermiz Aşgabadyň merjen gaşyna öwrülen Olimpiýa şäherjiginde sportuň oýun görnüşleriniň toplumynda halkara derejeli ýaryşlary geçirmäge ähli mümkinçilikleri bar we sportuň oýun meýdanynda woleýbol, gandbol, çeper gimnastika, bandminton, gylyçlaşma (fehtowaniýe), stol üstünde oýnalýan tennis hem-de batut ýaly görnüşleri boýunça halkymyza hyzmat edilýär. Mundan başga binada bir sany hammam we 1 sany sauna, bir sany owkalama (massaž) otagy, 48 orunlyk naharhana, 8 sany 458 orunlyk kafe, 4 sany bufet bolup, ýaryşlara tomaşaça etmäge gelýän myhmanlar we raýatlar üçin oňaýly şertler döredilen.
ULY TÜRGENLEŞIK ZALLARY

ULY TÜRGENLEŞIK ZALLARY

Desganyň sportuň çeper gimnastika akrobatik gimnastikasy, badminton we batut, basketbol, gylyçlaşmak (fehtowaniýa), stol üstünde oýnalýan tennis, gandbol we woleýbol sport oýunlary üçin ýörite enjamlaşdyryp, raýatlarymyza hyzmat edilip gelýär. Bu desgada kafe, sauna, hammam we owkalama (massaž) otaglary hereketli, çäkli raýatlar üçin duş we beýleki ähmiýetli göz öňüne tutulan hyzmatlar bardyr.
BAŞA-BAŞ SÖWEŞ SUNGATY SPORT TOPLUMY

BAŞA-BAŞ SÖWEŞ SUNGATY SPORT TOPLUMY

Olimpiýa şäherjiginiň Başa-baş söweş sungaty sport toplumy bu ägirt uly sport toplumy bolup durýar. Bu toplumda sportuň boks, taekwando, dzýudo, sambo, göreş, şol sanda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen Aziýada-2017-niň maksatnamasyna girizilen türkmen milli göreşi ýaly başa-baş söweş görnüşleri, şeýle-de agyr atletika boýunça halkara we dünýä derejesindäki bäsleşikleri geçirmäge mümükinçilikleri bar. Bu sport desgasynda sportuň işjeň hereketde ýerine ýetirilýän başa-baş söweş görnüşleriniň aýratynlygy nazara alnyp, bir sany hammam hem-de bir sany sauna göz öňüne tutulan.
KIÇI TÜRGENLEŞIK ZALLARY

KIÇI TÜRGENLEŞIK ZALLARY

Binada boks we agyr atletika, göreş görnüşleri boýunça türgenleşikler niýetlenen we ýurdymyzyň sport Federasiýalarynyň türgenlerine hem-de goşmaça hereketi çäkli raýatlar üçin duş ýeri we beýleki durmuş ähmiýetli göz öňüne tutulan hyzmatlar bardyr.
WELOTREK SPORT TOPLUMY

WELOTREK SPORT TOPLUMY

Binada welosiped sporty boýunça halkara we yklym derejeli ýaryşlary hem-de dünýä çempionatlaryny guramaga ähli döwrebap mümkinçilikleri döredilen. Türgenlerden işjeň hereketi talap edýän welosiped sportuna ýöriteleşdirilen binada dört sany hammam, dört sany sauna, elli sany duş ýeri we iki sany owkalama otagy bar. Binada mundan başga-da, restoran, kafe , sauna, owkalama (massaž) otagy we durmuş ähmiýetli göz öňüne tutulan hyzmatlar bardyr.
TENNIS TOPLUMY

TENNIS TOPLUMY

Olimpiýa şäherjiginiň Tennis sport toplumy açyk we ýapyk tennis kortundan ybarat. Binada tennis sporty boýunça halkara we yklym derejeli ýaryşlary hem-de dünýä birinjiligi ugrunda bäsleşikleri guramaga ähli döwrebap mümükinçilikler döredilen. Mundan başga-da, bu döwrebap sport desgasynda zerur bolan beýleki medeni-durmuş ähmiýetli göz öňüne tutulan hyzmatlar we kömekçi ulgamlar üçin hem ýokary amatlyklar döredilen. Häzirki wagtda tennis sport toplumynyň hereket edýän stoluň üstünde oýnalýan tennis bilen meşgullanýan çagalara we beýleki isleg bildirýan raýatlara hyzmat edilip gelýar.
OLIMPIÝA SUW TOPLUMY

OLIMPIÝA SUW TOPLUMY

Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesiniň Sportuň suw görnüşleri merkezi halkara ölçegleriň ýokary talaplaryna laýyk gelýän, ekologiýa taýdan arassa serişdelerden taýýarlanan, häzirki zaman tehnologiýalarynyň esasynda bina edilen, dünýäde iň uly suwda ýüzülýän üsti ýapyk howuz hökmünde ykrar edildi we Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Suw sport toplumy 4 sany ýapyk we 2 sany açyk howuzdan ybarat. Bu ýerde sportuň suwda oýnalýan we ýerine ýetirilýän görnüşleri boýunça halkara we dünýä birinjiligi ugrunda bäsleşikleri guramaga we ýokary derejede geçirmäge ähli şertler göz öňünde tutulan. Binada restoran, kafe, iki sany hammam, iki sany sauna hemişe tälimçileriň we türgenleriň hyzmatynda Sport desgasynda saglygy goraýyş ulgamy üçin hem ähli şertler döredilen. Binada bir sany sport terapiýa meýdançasynyň, iki sany sport-sagaldyş zalynyň we üç sany ilkinji kömek otagy bar. Olimpiýa şäherjiginiň sport suw toplumynda diňe adaty türgenleriň gatnaşmagyndaky sport ýaryşlaryny däl, eýsem hereketi çäkli türgenleriň gatnaşmagynda guralýan paraolimpiýa bäsleşiklerini hem doly derejede guramaga we geçirmäge ähli döwrebap şertler göz öňüne tutulan.
ÝEŇIL ATLETIKA TOPLUMY

ÝEŇIL ATLETIKA TOPLUMY

Binada sportuň ýeňil atletika, syrykly bökmek, uzynlygyna böküş, 3 ädimli böküş, beýikligine bökmek, şeýle-de ýadro zyňmak hem-de paýhas oýny bolan küşt, bowling boýunça halkara we yklym derejeli ýaryşlary, hem-de dünýä çempionatlaryny ýokary guramaçylyk derejesinde guramaga ähli döwrebap mümkinçilikler döredilen. Binada mundan başgada saglyk otagy, hammam, sauna, owkalama otagy,garbanyşhana, kafeteriýa, ýygnak zaly, iş otagy, 500 orunlyk bowling zaly, küşt türgenleşik otagy, mejlis zaly bilen üpjün edilendir.
KÖP UGURLY AÇYK SPORT MEÝDANÇALARY

KÖP UGURLY AÇYK SPORT MEÝDANÇALARY

Olimpiýa şäherjiginde ýapyk sport desgalary bilen bir hatarda sportuň ençeme görnüşleri boýunça açyk sport meýdançalary döredilen. Olardan sportuň tennis, basketbol, woleýbol, futbol görnüşi boýunça, esasan, türgenleşik işlerine hem-de oýunlary geçirmäge niýetlenen sekiz sany meýdançalar türgenleriň hyzmatynda we bir sany esasy ýaryş meýdançasy bar. Umuman aýdylanda agzalan sport görnüşleri boýunça açyk howada türgenleşik işlerini alyp barmaga hem-de dürli görnüşli ýaryşlary geçirmäge ähli döwrebap şertler döredilen.
AŞGABAT OLIMPIÝA STADIONY

AŞGABAT OLIMPIÝA STADIONY

Olimpiýa stadiony Olimpiýa şäherjiginiň iň esasy binalarynyň biri 45000 orunlyk stadionydyr. Olimpiýa stadionynyň münberini bezeýän ahalteke bedewiniň çeper keşbi atyň dünýäde iň uly nyşany hökmünde ykrar edildi we Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Stadionyň meýdany sebitiň iň uly sport desgasydyr. Olimpiýa stadionynda sportuň futbol, atletizm görnüşleri boýunça halkara we dünýä birinjiligi ugrundaky ýaryşlary guramaga we geçirmäge ähli döwrebap mümkinçilikleri bar. Ondan başga-da uly sport baýramçylyklaryny we döwlet derejesindäki medeni-köpçülikleýin çärelerini geçirilip dur.
SAGLYGY DIKELDIŞ MERKEZI

SAGLYGY DIKELDIŞ MERKEZI

Bu merkezde lukman barlag gözegçiliginiň ähli görnüşleri bar. Sagaldyş merkezde häzirki zaman lukmançylyk enjamlaryny aýratyn hem sport lukmançylygyna degişli ýörite enjamlary bilen üpjün edilendir. Türkmenistanyň ähli sport türgenlerine lukmançylyk barlagyny geçilip bilner hem-de Aşgabat şäheriniň ilatyna lukmançylyk hyzmatyndan peýdalanyp mümkinçilikleri bar. Halkara derejesindäki ýaryşlar döwründe türgenlere doping barlagyny geçirmäge ähli şertler bar.
TÜRGENLER ÜÇIN MYHMANHANALAR

TÜRGENLER ÜÇIN MYHMANHANALAR

Türgenler üçin myhmanhana hökmünde 6 (alty) sany bina guruldy. Türgenler üçin gurlan myhamanhanalarda jemi 1628 otag bolup, olarda 3274 adam ýerleşdirmage mümkinçilik bar. Şeýle-de myhmanhanalar toplumynda 4 sany 33 orunlyk we 1 sany 82 orunluk kafe, 6 sany köp ugurly zal, jemi 47 orunlyk ýygnak zallary, sport sagaldyş, owkalama (massaž) otaglary, türgenlere sauna hyzmatlary hödürlenýär.
“SPORT” myhmanhanasy

“SPORT” myhmanhanasy

Olimpiýa şäherjiginiň owadan binalaryň arasynda “Sport” myhmanhanasy bar. Myhmanhanada jemi 1030 orunlyk 4 sany restoran, 74 orunlyk bir sany kafe müşderleriň hyzmatynda. Şeýle-de binada sport sagaldyş zalynyň, howuzly spa (mineral suwly bejeriş) merkeziniň, 3 sany owkalama (massaž) otagy, 2 sany sauna, 2 sany bug otagy, 1 sany hammam türgenlere hyzmatyny hödürleýär.
“OLIMPIÝA” myhmanhanasy

“OLIMPIÝA” myhmanhanasy

Olimpiýa şäherjiginiň gurlan desgalaryň hatarynda hormatly myhmanlar üçin niýetlenen “Olimpiýa” myhmanhanasy paýtagtymyzyň S.Türkmenbaşy şaýoly bilen “10 ýyl Abadançylyk” köçesiniň çatrygynda bina edildi. Bu myhmanhana 2 sany ýerzemin we 2 asma gatdan, ýerüsti 10 gatdan ybaratdyr. Myhmanhanada 450 adama niýetlenen 225 sany otag bolup, olardan 2 adamlyk 1 sany Prezident appartamenti, 2 sany hereketi çäkli raýatlar üçin otaglary hem bar. Mundan badga-da ýerzemin gatda 2 sany hammam, bug otagy, sauna, şok duşy hem bar. 4 sany owkalama (massaž) otagy, 1 sany howuz, 1 sany jakuzi, 1 sany açyk howuz we sport sagaldyş zaly, seýle hem ýerzemin gatdaky SPA, gidromassaž, şok duşy we owkalama otaglaryndan ybarat. Şeýle-de 1-nji gatynda 32 orunlyk VIP zaly, 180 adamlyk restoran, 2 sany dükan hem-de 1 sany dellekhana bar.
MONORELS

MONORELS

Aşgabadyň Olimpiýa şäherjigi sebitiň ýeke-täk döwrebap sport desgalar toplumy bolmak bilen bu ýerde diňe bir paýtagtymyzda däl, eýsem, tutuş ýurdumyzyň ulag ulgamynda monorels ýoly guruldy. Bu ýol belli beýiklikde gurlup, monorels wagonlary hem esasy ulag serişdelerine hiç hili päsgelçiliksiz hereket edýänligi bilen ähmiýetlidir. Monorelsiň uzynlygy 5000 metr. Olimpiýa şäherjiginiň beýik owadan binalaryny, desgalaryny, içiniň durkunyny, gözelçiligini görmek maksady bilen, ýurdymyzyň ilatyna, mekdep çagalara, daşary ýurt myhmanlaryna monorels ýoly hyzmat ediş ugranda bellemek gerek.

Olimpiýa şäherçesi barada

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça biziň ýurdumyzda bedenterbiýe we saglyk hereketini, köpçülikleýin sport we ýokary derejeli türgenleri ösdürmek we iri halkara ýaryşlaryna taýýarlamak üçin uly işler geçirildi. Aşgabat şäheri halkara ülňülerine doly laýyk gelýär, tutuş sebitde deňi-taýy ýokdyr we halky abadan we durnukly durmuş bilen üpjün etmek boýunça Döwlet syýasatynyň aýdyň nyşanydyr. Olimpiýa şäherçesi, özboluşly gözelligi we ondaky beýleki sport we bedenterbiýe desgalary bilen özboluşly bitewiligini emele getirip, mermer şäherimiziň aýratyn bezegine öwrüldi. 2017-nji ýylyň dekabrynda Aşgabat şäher häkimliginiň olimpiýa şäherjigini dolandyryş müdirligi döredildi.

Habarlar

Türkmenistanyň ýygyndysy MAFA-nyň U-17 çempionatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň ýygyndysy Özbegistanyň Daşkent şäherinde 17 ýaşa çenli ýetginjek oglanlaryň arasynda geçirilýän Merkezi Aziýanyň Futbol assosiasiýasynyň (MAFA) çempionatyna gatnaşýar.

Şu gün MAFA-nyň U-17 çempionatynyň toparçalaýyn tapgyryna bije çekildi. Oňa laýyklykda, Türkmenistanyň ýygyndysy Owganystan we Täjigistan bilen bilelikde «B» toparçadan orun aldy. «A» toparçada bolsa ýer eýesi Özbegistanyň, Eýranyň we Gyrgyz Respublikasynyň ýygyndylary özara güýç synanyşarlar.

MAFA-nyň U-17 çempionaty 24-nji maýda başlap, 31-nji maýa çenli dowam eder.

Aýlaw görnüşinde geçirilýän ýaryşyň toparçalaýyn tapgyrynda Türkmenistanyň ýygyndysy 24-nji maýda Owganystan, 26-njy maýda bolsa Täjigistan bilen duşuşar. Toparçalarda birinji ýeri eýelän ýygyndylar finalda sebitiň çempionyny kesgitlärler. Ikinji ýeriň eýeleri bürünç medal üçin, toparçada üçünji orny eýelänler bolsa turniriň bäşinji orny üçin özara duşuşyk geçirerler.

23.05.2025
Aşgabatda «C» derejeli tälimçilik okuwlary geçirilýär

Aşgabatda «C» derejäni almak üçin tälimçilik okuwlarynyň ikinji moduly dowam edýär – diýip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasy habar berýär.

Okuw paýtagtymyzyň «Köpetdag» stadionynda 20 diňleýjiniň gatnaşmagynda geçirilýär. Okuwlaryň birinji moduly 25-29-njy aprelde amala aşyrylyp, ikinjisi şu ýylyň 19-23-nji maýy aralygynda geçirilýär.

Sapaklary FIFA-nyň we Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň (TFF) instruktory Röwşen Meredow geçirýär, onuň kömekçileri bolsa futbol tälimçileri Boris Borowik, Begenç Garaýew we Eziz Annamuhammedow.

Okuw maksatnamasy nazary we amaly sapaklary öz içine alýar. Okuwyň soňunda diňleýjiler synaglary tabşyrmaly bolarlar, olary üstünlikli geçenler «C» derejeli tälimçilik sertifikatlaryna eýe bolanlar. Bu derejeli sertifikat 6-12 ýaş toparyndaky çagalar toparlary bilen işlemäge hukuk berýär.

22.05.2025
Türkmen hokkeýçileri Stambulda geçirilen 2025-nji ýylyň dünýä çempionatynyň üçünji bölüminde kümüş medal gazandylar

Dört ýeňiş, bir ýeňliş we ikinji ýer – Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň hokkeýçileriniň Türkiýäniň Stambul şäherinde geçirilen IIHF hokkeý boýunça dünýä çempionatynda «A» toparyň üçünji bölüminde altynjy derejede eden çykyşynyň netijesi, ine şeýle.

«B» toparyň has güýçli, ikinji bölümine düşmek üçin ýeke-täk mümkinçilik ugrunda Stambulyň «Zeýtinburnu» sahnasynda geçen bu ýaryşda Bosniýa we Gersegowinanyň, Lýuksemburgyň, Gyrgyzystanyň, Türkiýäniň, Günorta Afrikanyň we Türkmenistanyň toparlary bäsleşdi.

Türkmen hokkeýçileri ýaryşa üstünlikli başladylar. Olar birinji tapgyrda bosniýa-gersegowinaly garşydaşlaryny 3:1 (1:1, 0:0, 2:0) hasabynda ýeňdiler, ikinji tapgyrda ýer eýelerini – türk toparyny 2:1 (1:1, 1:0, 0:0) hasabynda utdylar, üçünji tapgyrda bolsa Lýuksemburgyň toparyny uly ýeňlişe sezewar etdiler 8:3 (1:1, 0:1, 7:1) hasabynda.

Gyrgyzystanyň, Türkmenistanyň we Türkiýäniň ýygyndy toparlarynyň birinji ýer ugrundaky ýaryşyň ykbaly soňky iki tapgyrda çözüldi. Olaryň iň soňkusynyň öňýanynda ildeşlerimiz Gyrgyzystanyň hokkeýçileri bilen duşuşdy. Olaram öň, yzly-yzyna Günorta Afrikanyň, Lýuksemburgyň we Bosniýa-Gersegowinanyň toparlaryny, degişlilikde 5:2 (2:1, 2:0, 1:1), 6:0 (0:0, 3:0, 3:0), 5:1 (2:0, 1:0, 2:1) hasabynda utup, üç ýeňiş gazanypdylar.

Geçen ýyl Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň ýygyndy toparlary Bişkekde geçirilen dünýä çempionatynda-da oýnapdylar. Şonda ýeňiş gyrgyzlara hemra bolupdy – 7:5 (2:1, 2:2, 3:2) hasabynda.

Ikinji bäsleşik-de türkmen hokkeýçileri üçin aňsat bolmady, munda-da üstünlik gyrgyz toparynyň tarapynda boldy – 8:1 (4:0, 3:1, 1:0) hasabynda. Türkmenistanyň toparyndan ýeke-täk şaýbany 35-nji minutda oýun 0:6 hasabyndaka, Pawel Barkowskiý tora girizdi.

Jemleýji tapgyrda biziň hokkeýçilerimiz dünýä çempionatynda eýýäm üç gezek oýnan Günorta Afrika Respublikasynyň topary bilen duşuşdy. Iki duşuşykda türkmen topary ýeňdi: 2019-njy ýylda Sofiýada geçen dünýä çempionatynda – 7:2, 2024-nji ýyldaky Bişkekde geçen dünýä çempionatynda – 4:3 hasabynda. Diňe 2023-nji ýylda Keýptaun şäherinde geçirilen dünýä çempionatynda Günorta Afrika Respublikasynyň topary üstünlik gazandy – 4:3 hasabynda.

Günorta Afrika Respublikasynyň topary bilen dördünji duşuşyk üçünji döwürde 2:5 hasabynda ýeňlip barýan türkmen hokkeýçileri üçin çynlakaý synag boldy, ýöne olar duşuşygyň tamamlanmagyna bir sekunt wagt galanda, hasaby deňläp, goşmaça wagtda bolsa ýeňiş şaýbasyny tora salmak bilen, duşuşygyň ykbalyny tersine öwürdiler – 6:5 hasabynda. Türkmenistanyň toparynda Baýmyrat Baýmyradow (1-nji we 14-nji minut) we toparyň kapitany Amangeldi Aganyýazow (44-nji we 60-njy minutlar) dagynyň hersi iki şaýba saldy. Esasy wagtda Pawel Barkowskiý (44-nji) tapawutlandy, ýeňiş şaýbasyny bolsa goşmaça wagtda Kerwen Baýlyýew (62-nji) tora saldy.

Ýaryşyň iň soňky duşuşygynda Gyrgyzystanyň topary tutanýerli göreşde türk toparyny 3:1 (1:0, 1:1, 1:0) hasabynda utdy we 15 utuk bilen birinji orny eýeläp, ýokary topara geçmäge hukuk gazandy – 2026-njy ýylda «B» toparyň ikinji bölüminde dünýä çempionatyna gatnaşmaga ilkinji gezek hukuk gazandy.

Ikinji ýeri 11 utuk toplan türkmen topary eýeledi, baýrak gowşurylyş dabarasynda olara kümüş medallar gowşuryldy. 3-nji ýer üçin bürünç medala 9 utuk toplan türk topary mynasyp boldy. Bu topara üç ýyldan gowrak wagtlap sloweniýaly hünärmen Andreý Brodnigiň ýolbaşçylyk edendigini, Türkmenistandan we Gyrgyzystandan utulanlaryndan soň, işden çykarylandygyny bellemek gerek.

3 utuk bilen iň soňky orny eýelän Lýuksemburgyň topary derejede peseldilip, üçünji bölümiň «B» toparyna geçirildi. Geljek ýyl üçünji bölümiň «A» toparynda olary Meksikanyň ýygyndy topary çalşar. Ol şu aýda öz watany Santýago-de-Keretaro şäherinde geçirilen 2025-nji ýyldaky dünýä çempionatynda «B» toparyň üçünji bölüminiň toparlarynyň arasynda gonkongly (5:2), filippinli (9:1), Singapurly (18:1), mongoliýaly (7:6) we demirgazyk koreýaly garşydaşlaryny (9:2 hasabynda) ýeňlişe sezewar edip, üstünlik gazandy.

Geçen ýyl Bişkekde geçirilen dünýä çempionatynda türkmen topary üçünji bölümiň «A» toparynda 4-nji ýeri eýeledi. Indi bolsa hokkeý boýunça toparymyz iki basgançak ýokary galdy. Topary bu üstünlige baş tälimçi Ylýas Weliýew alyp geldi, oňa ýygyndy topar bilen işleşmekde Guwanç Jepbarow kömek etdi.

Stambul şäherinde geçirilen dünýä çempionatynda Türkmenistanyň milli ýygyndysynda 19 hokkeýçiniň oýnandygyny, olaryň 12-siniň Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň «Galkan» toparyna, 5-siniň Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrliginiň «Şir» toparyna, galan 2-siniň bolsa «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Oguzhan», we «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Alparslan» toparlaryna degişlidigini ýatladýarys.

21.05.2025
Türkmenistan suwda ýüzmek boýunça Merkezi Aziýanyň I açyk çempionatyna gatnaşýar

Türkmenistanly türgenler Özbegistanda geçirilýän suwda ýüzmek boýunça Merkezi Aziýanyň I açyk çempionatyna gatnaşýarlar. 19-njy maýda badalga alan bu ýaryş Özbegistanyň Suw sporty federasiýasy hem-de Kärdeşler arkalaşyklarynyň federasiýasy tarapyndan bilelikde guraldy diýip, uza.uz saýty ýazýar.

Merkezi Aziýanyň I açyk çempionatynda Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň wekilleri suwda ýüzmegiň dürli görnüşleri we dürli aralyklary boýunça 158 sany medallar toplumy üçin özara güýç synanyşarlar.

23-nji maýa çenli dowam etjek ýaryşa sebitiň ýurtlaryndan jemi 168 türgen gatnaşýar.

21.05.2025