AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

16.10.2026

«Arkadag» 96-njy minutda gol goýberip, «Al-Jazira» klubyndan ýeňildi

Türkmenistanyň «Arkadag» futbol kluby AFK-2 Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji möwsüminiň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji duşuşygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň «Al-Jazira» toparyndan 1:2 hasabynda asgyn geldi. Duşuşyk Abu-Dabide Mohammed bin Zaýed adyndaky stadionda geçirildi.

Duşuşygyň 55-nji minutynda Malkom hasaby açdy. 66-njy minutda «Arkadag» topary Abdy Bäşimowyň gol geçirmegi bilen, hasaby deňledi. «Al-Jazira» topary ýeňiş goluny goşmaça wagtda, ýagny 90+6-njy minutda geçirdi. Gol Mužkiçiň hasabyna ýazyldy. Duşuşyga Abdulla Jamaliniň ýolbaşçylygyndaky Kuweýtden gelen eminler topary eminlik etdi.

«B» toparçasynyň beýleki duşuşygynda Bahreýniň «Al-Muharrak» topary Eýranyň «Gol Gohar» toparyny 2:0 hasabynda ýeňdi. Duşuşyk Omanda, «Al-Sib» stadionynda geçirildi. Gollary Artur Rezende (48-nji minut) we Tabares (90+4-nji minut) geçirdi.

Iki tapgyrdan soň dört utuk toplan «Al-Jazira» (bir ýeňiş, bir deňlik) toparçanyň ýaryş tertibinde birinji orny eýeleýär. «Al-Muharrak» bilen «Arkadagyň» hersiniň hasabynda üç utuk bar. Ýeňilen we geçirilen gollaryň aratapawudy boýunça (+1) öňe saýlanýan Bahreýniň topary ikinji orunda, Türkmenistanyň «Arkadag» kluby bolsa üçünji orunda ýerleşýär. Bir utugy bolan «Gol Gohar» toparçanyň ýaryş tertibini jemleýär. Birinji tapgyrda «Arkadag» öz meýdançasynda «Al-Muharrak» toparyny 1:0 hasabynda ýeňipdi. «Al-Jazira» bilen «Gol Goharyň» arasyndaky duşuşyk bolsa 0:0 hasabynda tamamlandy.

Indiki tapgyrda, 28-nji oktýabrda, «Arkadag» «Gol Gohar» topary bilen duşuşar. Eýranyň topary garşydaşlaryny Täjigistanda kabul eder. Duşuşyk Gissar şäherindäki «Hisor» stadionynda geçiriler we ol Aşgabat wagty bilen sagat 18:45-de başlanar. Jogap duşuşygy 4-nji noýabrda Türkmenistanda geçiriler. Toparçalaýyn tapgyryň galan duşuşyklarynda «Arkadag» 25-nji noýabrda myhmançylykda «Al-Muharrak» bilen, 9-njy dekabrda bolsa öz meýdançasynda «Al-Jazira» bilen duşuşar.