Habarlar
Özbegistanyň Çyrçyk şäherinde 17 ýaşa çenli ýetginjek oglanlaryň we gyzlaryň arasynda agyr atletika boýunç Merkezi Aziýanyň açyk çempionaty jemlendi.
Ýaryşa Özbegistandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Türkiýeden hem-de Türkmenistandan bolan türgenler gatnaşdylar.
Türkmen ýygyndysynyň wekilleri ýaryşyň 13 medalyny — 11 kümüş we 2 bürünç medallaryny gazanmagyň hötdesinden geldiler.
Atabek Azamatow: 49 kg çenli agramda çykyş etdi; Görkezen netijesi: birden galdyrmakda (73 kg) — kümüş, itekläp götermekde (86 kg) — bürünç, iki görnüşiň jemi boýunça (159 kg) — kümüş medallar.
Kakamyrat Annamyradow: 67 kg çenli agramda çykyş etdi; Görkezen netijesi: birden galdyrmakda (113 kg) — kümüş, itekläp götermekde (133 kg) — kümüş, iki görnüşiň jemi boýunça (246 kg) — kümüş medallar.
Gurbangözel Orazowa: 71 kg-den ýokary agramda; Görkezen netijesi: birden galdyrmakda (55 kg) — bürünç, itekläp götermekde (78 kg) — kümüş, iki görnüşiň jemi boýunça (133 kg) — kümüş medallar.
Orazgül Babaniýazowa: 55 kg çenli agramda çykyş etdi, Görkezen netijesi: birden galdyrmakda (64 kg) — kümüş, itekläp götermekde (81 kg) — kümüş, iki görnüşiň jemi boýunça (145 kg) — kümüş medallar.
Saparbaý Atajanow (+81 kg) birden galdyrmakda 120 kg netije bilen şu görnüşiň bürünç medalyna eýe boldy.
Ýurdumyzyň ýaşajyk gimnastikaçylary Özbegistanyň Daşkent şäherinde indi 14-nji gezek geçirilen «Merry Caravan» atly halkara ýaryşda diýseň üstünlikli çykyş edip, dürli derejeli medallaryň 29-syna mynasyp boldular.
Munuň özi biziň 39 türgenimiziň agramly böleginiň medal gazanandygyny görkezýär. Hoş habaryň has guwandyryjy tarapy bolsa, 6 ― 16 ýaş aralygyndaky aşgabatly, maryly we türkmenbaşyly türgenlerimiz altyn medallaryň 18-sini, kümüş medallaryň 10-syny we bir sany bürünç medal gazanmagydyr.
Halkara ýaryşda hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna çykan türgenlerimiziň arasynda Gurbanjemal Ýagşymyradowanyň, Maýagözel Amanowanyň, Seýrana Hemraýewanyň, Ýewa Strelsowanyň, Sofiýa we Ameliýa bensleriň, Reýhan Amanowanyň, Mahym Gurbanowanyň, Bogdana Kotukowanyň, Sara Gulberdiýewanyň, Ada Aýlin Günaslanyň, Lolota Awanesowanyň,Sara Hojaahmedowanyň, Irina Kononowanyň, Medine Akyýewanyň, Amaliýa Alekperowanyň, Leýli Batyrowanyň we Patma Kambarowanyň atlaryny görýäris.
Sofiýa Tawarasýan, Aýna Akyýewa, Ýuliýa Malsewa, Inara Hanowa, Gözel Gurbanowa, Aýsen Abdyllaýewa, Aýperi Garajaýewa, Aýnur Täçgulyýewa, Enaý Hakyýewa, Halifa Jawadowa dagylar bolsa goňşy döwletde geçirilen halkara ýaryşda kümüş medalyň eýesi boldular.
Biziň ýygyndymyzyň ýeke-täk bürünç medalyny Selin Başyrowa eýeledi.
Fiza Aýwazowanyň ýolbaşçylygyndaky ýygyndymyza tälim bermekde baş tälimçä maryly Marina Kartaşowa, Türkmenbaşy şäherinden Irina Kostandýan we paýtagtly Ýelena Ustimowa dagylar ýardam berdiler.
«El.kz» habarlar gullugynyň habarynda Merkezi aragatnaşyk gullugynda geçirilen brifingde Çarwadarlaryň V bütindünýä oýunlaryna taýýarlygyň alnyp barlyşyna jogapkär wekiliň — Nail Nurowyň bäsleşigiň medallaryny tanyşdyrandygy aýdylýar.
Medallar bürünç garyndysyndan ýasalyp, onuň merkezinde Oýunlaryň nyşany şekillendirilen — bu öňe hereket etmegi, ýeňşe bolan islegi alamatlandyrýan adamyň nyşany.
«Medalyň çyzgysy milli nyşanymyz şanyrak görnüşinde ýasaldy. Korportiw usulda maşat daşynyň reňkinde taýýarlanan lenta aýratyn orny eýeleýär. Onda Oýunlaryň ýeri we wagty baradaky maglumatlary öz içine alýan ýadygärlik ýazgysy bar» — diýip, beýan edilýär.
Çarwadarlaryň V bütindünýä oýunlary 8 — 13-nji sentýabrda Astana şäherinde geçiriler. Maksatnama sport oýunlarynyň 21 görnüşini öz içine alýar. Bularyň ýarysy Gazagystanyň milli sport görnüşleri, galanlary beýleki türki döwletlere degişlidir. Oýunlara 89 ýurtdan, şol sanda, Türkmenistandan hem wekiliýetleriň gatnaşjakdygy tassyklandy.
Ýaryşa 2500-den gowrak türgeniň gatnaşmagyna garaşylýar.
Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň halkara gatnaşyklar bölüminiň hünärmeni Oraz Muhammetgeldiýew Özbegistanyň Futbol federasiýasynyň futzal boýunça 2024-nji ýyldaky dünýä çempionatyny geçirmek baradaky guramaçylyk komitetinden orun aldy. Bu barada TFF-den Turkmenportala berlen habarda aýdylýar.
Mämmetgeldiýewiň şeýle abraýly ýaryşyň guramaçylyk komitetiniň düzümine girizilmegi ýurtda futzal bilen bagly halkara ýaryşlary geçirmekde tejribe mekdebi bolup hyzmat eder.
Özbegistanda geçiriljek dünýä çempionatyna 14-nji sentýabrda badalga berler, ol 6-njy oktýabrda tamamlanar. Dünýä çempionaty ýurduň üç şäherinde geçiriler.
Awstriýanyň futbol boýunça milli ýygyndsyy ýewropa çempionatynyň üçünji tapgyrynda Niderlandlaryň ýygyndysyny 3:2 hasabynda ýeňip, ýaryşyň pleý-off tapgyryna çykdy. Duşuşyk Berlin şäherinde geçirildi.
«D» toparçadaky ugurdaş duşuşykda Fransiýa bilen Polşa 1:1 hasabynda deňme-deň oýnady.
Indi Awstriýa «F» toparçada ikinji orny eýelejek ýygyndy bilen duşuşar. Fransiýa bolsa «E» toparçanyň ikinji ornunyň eýesi bilen güýç synanyşar.
Türkmenistanly hüjümçi Süleýman Muhadow Gyrgyzystanyň futbol çempionatynyň 12-nji tapgyrynda geçirilen «Abdyş-Ata» ― «Kyrgyzaltyn» duşuşygynyň iň gowy oýunçysy diýlip yglan edildi. «Abdyş-Atanyň» köýnekçesini geýýän hüjümçi 70-nji minutda geçiren goly bilen toparyna ýeňşi getirdi.
Bu ýeňişden soň utugyny 30-a çykaran «Abdyş-Ata» birinji orundaky ýerini gorady. Topar ýaryş tertibindäki iň ýakyn bäsdeşi bolan «Dordoýdan» 5, «Alaýdan» bolsa 9 utuk öňde.
Süleýman Muhadowyň «Abdyş-Atanyň» duşuşyklarynda ilkinji gezek beýle hormata mynasyp bolmandygyny aýratyn nygtamak gerek. Ol Gyrgyzystanyň kubogynda hem toparynyň ýarymfinala çykmagyna sebäp bolupdy.
Italiýanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Ýewropa çempionatynyň üçünji tapgyrynda Horwatiýa bilen 1:1 hasabynda deňme-deň oýnandygyna garamazdan, ýaryşyň indiki tapgyryna çykmagy başardy.
«B» toparçanyň ugurdaş duşuşygynda bolsa Ispaniýanyň ýygyndysy Albaniýany 1:0 hasabynda ýeňdi. Şeýlelikde, üç duşuşygynda hem ýeňiş gazanan Ispaniýa 9 utuk bilen toparçada birinji orny eýeledi. Italiýanyň 4, Horwatiýanyň 2 we Albaniýanyň 1 utugy bar.
Italiýanyň ýygyndysynyň 1/8 finaldaky garşydaşy hem mälim. Ýewropanyň häzirki çempiony 29-njy iýun güni Berlin şäherinde Şweýsariýanyň ýygyndysy bilen duşuşar. Ispaniýa bolsa toparçalarda üçünji orny eýelän ýygyndylaryň biri bilen 30-njy iýun güni Köln şäherinde güýç synanyşar.
Horwatiýa häzirlikçe, üçünji toparçalarda üçünji orny eýelän ýygyndylaryň arasyndan pleý-offa çykmak mümkinçiligini saklap galýar.
Ýewropa çempionaty 14-nji iýulda tamamlanar.
Amerikanyň Milli hokkeý ligasy NHL-de 99-njy Stenliniň Kubogynyň ýeňijisi 7-nji duşuşykda belli boldy. Çekeleşikli geçen final seriýasynyň 7-nji duşuşygy Floridada geçirildi. Çekeleşikli we dartgynly geçen oýunda «Florida Panters» topary «Edmonton Oýlers» toparyny 2:1 hasap bilen ýeňlişe sezewar etdi. Floridalylara ýeňiş hem-de çempionlyk gazandyran şaýbalary 4-nji minutda Werhege bilen 35-nji minutda Raýnhart geçirdi. «Edmonton Oýlers» toparynyň ýeke-täk goluny-da 6-njy minutda Ýanmarek-Nýulen öz adyna ýazdyrdy. Netijede, 4:3 hasabynda ýeňşini baýram eden «Florida Panters» topary taryhynda ilkinji gezek NHL-iň çempionlygyny gazanyp, Stenli Kubogyna mynasyp boldy. Bu olaryň 3-nji finaly bolup, topar 1996-njy ýylda hem-de 2023-nji ýylda final oýunlarynda ýeňlipdi. «Florida Panters» Stenli Kubogyny gazanan 22-nji klub boldy.
Stenliniň Kubogyny 5 gezek (1984, 1985, 1987, 1988, 1990) eýelän «Edmonton Oýlers» topary-da 1983-nji we 2006-njy ýyllardan soň 3-nji sapar finalda utuldy.
Final duşuşyklarynyň iň gymmatly oýunçysy «Edmonton Oýlers» toparynyň ýyldyzy Konnor MakDewid saýlandy.
Türkmenistanyň Futbol federasiýasy isleg bildirýän ähli taraplary Türkmenistanyň Futbol federasiýasy üçin futbol, futzal hem-de çagalar futbol toplaryny satyn almak barada resminamalary tabşyrmaga çagyrýar. Degişli bildiriş federasiýasynyň resmi saýtynda ýerleşdirildi.
Resminamalary tabşyrmagyň möhleti 24-nji iýundan 5-nji iýula çenli dowam edýär.
Gerekli bolan resminamalaryň sanawy:
1. Kompaniýanyň ýa-da telekeçiniň ýuridiki resminamalary;
2. Toplaryň şekili bolan nusgasynyň hödürlemesi;
3. Kompaniýa ýa-da telekeçi barada maglumat;
4. Öňki müşderileriň sanawy;
5. Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky hasaba alyş tassyknamasy.
TFF-niň salgysy: 744000, Aşgabat şäheri, Berkararlyk etraby, G.Kulyýew köçesiniň 68-nji jaýy. tkm@the-afc.com
Telefon belgisi: 75-49-57.
Türkmenistanyň adaty karate boýunça milli ýygyndysy ýakynda Gazagystanyň Almaty şäherinde geçirilen Merkezi Aziýanyň çempionatynda toparlaýyn hasapda üçünji orna eýe boldy. Gazanylan üstünlikde biziň türgenlerimiziň gazanan 9 medalynyň aýratyn uly orny bar.
Sebit ýaryşyna bäş döwletden 300 töweregi türgen gatnaşdy. Şolaryň diňe 12-si Türkmenistana wekilçilik edip, türkmen türgenleri ýurdumyza altyn medallaryň dördüsi, kümüş medallaryň üçüsi we iki sany bürünç medal bilen dolanyp geldiler. Ýaryşlar adaty karateniň görkezme maşklary (kata) we tutluşyk (kumite) görnüşleri boýunça geçirildi.
Milli ýygyndymyz bu görnüşleriň her haýsysy boýunça iki altyn medaldan gazandy. Kata boýunça Yhlas we Nurgeldi Annagurbanowlar hormat münberiniň birinji basgançagyna çykan bolsa, kumite boýunça ýaryşlarda Ybraýym Şagulyýew bilen Selim Myratdurdyýew öz ýaş derejelerinde çempion bolmagy başardylar.
Milli ýygyndymyzyň kümüş medallarynyň üçüsi hem kumite boýunça gazanyldy. Bu medallara Serdar Baýryýew, Ýagmyrmyrat Sähetmyradow we Gurbannazar Hümmedow dagylar mynasyp boldy. Ýunus Muhammetgulyýew bilen Myratbek Baltaýew bolsa hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdy.
Gazanylan üstünlikde milli ýygyndymyzyň tälimçiler toparynyň uly paýy bar. Türkmen türgenlerini sebit ýaryşyna Döwlet Berdiýew, Kemal Ataýew, Diýar Hojaýew we Eýmur Mämmedow dagylar taýýarlady.
2008-2009-njy ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda paýtagtymyzda badalga berlen futbol boýunça ýurdumyzyň birinjiliginiň 1-nji tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi.
«A» toparçanyň çäginde geçirilen duşuşykda paýtagtymyzyň «Altyn täç» hem-de «Kuwwatly beden» toparlary duşuşdy. Bu duşuşyk 7:0 hasabynda «Altyn täç» toparynyň peýdasyna tamamlandy. Toparçanyň beýleki duşuşygynda «Lebap» topary «Daşoguzdan» 4:0 hasabynda üstün çykdy.
«B» toparçada geçirilen duşuşyklarda GOÝÇÝSM topary «Ahaldan» (5:0), «Balkan» bolsa «Mary» toparyndan (3:1) üstün çykdylar.
Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti bilen Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň bilelikde guramagynda geçirilýän futbol birinjiliginiň 2-nji tapgyrynyň duşuşyklary şu gün — 25-nji iýunda geçiriler: «Kuwwatly beden» – «Lebap», «Altyn täç» – «Daşoguz», «Ahal» – «Balkan», GOÝÇÝSM – «Mary».
Futbol boýunça 17-nji Ýewropa çempionatynyň «A» toparçasyndaky duşuşyklar tamamlandy. Toparçanyň ýeňijisini kesgitleýän oýunda ýeňiş gazanan bolmady. Beýleki duşuşykda 100-nji minutda ýeňiş goly geçirildi.
Şweýsariýa bilen Germaniýanyň ýygyndylary taryhlaryndaky 54-nji duşuşyk üçin Frankfurtdaky «Waldstadionyň» ýaşyl meýdançasyna çykdy. Duşuşyk çekeleşikli geçip, ýeňiş gazanan bolmady. Esasan hem, garşylykly hüjümler bilen oýnan şweýsarlar ilki bolup hasaby açdylar. Oýnuň 28-nji minutynda Ndoýe topary derwezä girizip, Şweýsariýany 1-0 hasabynda öňe saýlady. Bu Don Ndoýeniň milli ýygyndydaky ilkinji goly bolup, ol bu gol üçin 14 oýun oýnamaly boldy. Bu ýeňiş şweýsarlary toparçada birinjilik getirýärdi. Ýöne oýnuň 77-nji minutynda Musialanyň ornuna meýdança giren Niklas Füllkrugyň 90+2-nji minutdaky goly esasynda hasaby deňlän Germaniýanyň ýygyndysy toparçadaky liderligini saklamagy başardy.
Duşuşykda Germaniýanyň ýygyndysynyň derwezesini goran Manuel Noýer Ýewropa çempionatlaryndaky 18-nji duşuşygyny geçirip, bu ugurda Janluiji Buffondan öňe saýlandy.
Wengerler soňky pursatda
Toparçanyň beýleki duşuşygynda-da Şotlandiýa bilen Wengriýanyň ýygyndylary duşuşdy. Iki toparyň hem arzuwy azyndan 3 utuk gazanyp, iň gowy 3-nji ýeri eýelejek toparlaryň biri bolmady. Bu ugurda şotlandlaryň 1 utugy hem bardy. Çekeleşikli geçen oýnuň 62-nji minutynda wengerleriň hüjümçisi Barnabaş Warga bilen şotlandlaryň derwezeçisi Angus Gann çaknyşyp, şikes aldy we oýun gysga wagtlyk, olar lukman gözegçiliginden geçýänçä togtadyldy. Soňra dowam eden oýnuň 90+2-nji minutynda wenger oýunçysy Çobotyň urgusy sütünden yzyna gaýtdy. Ýöne ol 90+10-njy minutda topy derwezä gönükdirip, toparyna ýeňiş getiren oýunçy boldy. Bu ýeňişden soň 3 utuk gazanan Wengriýanyň ýygyndysy 3-nji ýeri eýelänleriň iň gowy 4-siniň arasyna goşulmak üçin toparçalardaky beýleki duşuşyklar tamamlanýança garaşmaly bolarlar.
Şotlandiýalylar bolsa 4-nji gezek gatnaşýan ýaryşynda ýene bir ýola toparçada çykmak başartmady we çempionat bilen hoşlaşan 2-nji ýygyndy boldy.