Habarlar
Şu gije futbol boýunça 17-nji Ýewropa çempionatynyň Berlindäki final duşuşygy bilen tamamlanar. «Olympiastadionda» oýnaljak finalda Ispaniýa bilen Angliýanyň ýygyndylary duşuşarlar. 00:00-da başlanjak duşuşyga fransiýaly Fransua Leteksie eminlik eder.
Final duşuşygy iki toparyň arasyndaky 28-nji duşuşyk bolar. Mundan öňki 27 oýnuň 13-sinde Angliýa, 10-synda Ispaniýa ýeňiş gazanyp, 4 oýun deňlikde tamamlandy. Angliýa 45 gol geçiren bolsa, ispanlar 32 goly derwezä gönükdirdi.
Futbolyň öňdebaryjy 2 ýygyndysy yklym ýaryşynda mundan öň 2 gezek gabatlaşdylar. 1980-nji ýylda toparçalardaky oýunlarda Angliýa 2-1 ýeňipdi. 1996-njy ýylda çärýek finalda duşuşan toparlaryň şol oýnunda-da ýeňiş iňlisleriň tarapynda boldy. Esasy wagty golsuz geçen oýunda penaltileriň netijesinde Angliýa ýarym finala çykypdy. Iki topar Dünýä Kubogynda, şol sanda UEFA Milletler Ligasynda-da 2 gezekden duşuşdylar. 1950-nji ýyldaky Dünýä Kubogynda Ispaniýa 1-0 ýeňen bolsa, 1982-nji ýyldaky duşuşykda hasap açylmandy. UEFA Milletler Ligasynda bolsa 2018-nji ýylda 2 gezek gabatlaşdylar. Iki topar hem myhmançylykda ýeňiş gazanypdy.
Ýeňşe dalaşgär Ispaniýa, ýöne...
Finalda ýeňşe dalaşgär Ispaniýa hasaplanýar. Olar bu ýere 6 duşuşykda ýeňiş gazanyp, rekordy görkeziji bilen geldiler. Iňlisler 6 oýnuň 3-sinde esasy wagtda deňme-deň oýnadylar. Pleý-off tapgyryndaky 3 duşuşygynda-da ilkinji gol geçirden tarap Angliýanyň ýygyndysy boldy. Çempionat başlamazdan ozal, köpler Angliýany 1-nji derejeli faworit hökmünde görkezýärdi. Ýöne toparçalardaky oýunlardan soň, hatda pleý-off duşuşygyndan soň esasy faworit Ispaniýa boldy.
Ispaniýanyň ýygyndysynyň 5-nji, Angliýanyň bolsa 2-nji finaly boljak bu duşuşyk ýa-da täze çempiony ýüze çykarar, ýa-da iň köp çempionlyk gazanan topary. Ispaniýanyň ýygyndysy mundan öňki 4 finalyň 3-sinde çempionlyk gazanyp, bu ugurda rekordy Germaniýa bilen paýlaşýar. Ispanlar 1964-nji ýylda çempion bolup, 20 ýyldan soňky finalda Fransiýadan ýeňlipdi. 2008-nji we 2012-nji ýyllarda gazanylan çempionlyk bilen olar ýeňişsiz geçen ýyllarynyň öwezini dolupdy.
Angliýanyň ýygyndysy yklym ýaryşynda ilkinji gezek 4 ýyl öňki ýaryşda finala çykyp, Londonda Italiýadan penaltileriň netijesinde ýeňlipdi. Futbolyň watany hasaplanýan Angliýanyň ýygyndysynyň häzirlikçe uly ýaryşlarda ýeke-täk kubogy bolup, olam 1966-njy ýylda gazanylan dünýä çempionlygydyr. Şondan bäri çempionlykdan daşda galan iňlisler kuboksyz geçen aralygy şu gezek dolmak isleýärler.
Türkmen türgenleri şu ýylyň birinji ýarymynda halkara ýaryşlarynyň 361 medalyny gazanmagy başardylar. Şolaryň 122-si altyn, 103-si kümüş, 136-sy bolsa bürünç medallardyr.
Bu barada 12-nji iýulda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde aýdyldy.
Şol gün sport ulgamynda alnyp barylýan işler barada hasabat berlip, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, ussat türgenleri taýýarlamak boýunça çäreleriň dowam etdirilýändigi habar berildi.
Hokkeý boýunça geçirilen halkara ýaryş, Aşgabat şäheriniň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edilmegi ýurdumyzyň sport abraýyny has-da pugtalandyrdy.
«Ýüpek ýoly» rallisiniň sekizinji tapgyry jemlendi. Mongoliýanyň Altaý sebitinde geçen tapgyr 492,12 kilometre uzady.
Ralliniň ýolsuz ýerde hereket edýän T2 ýaryşynda «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň türgeni Merdan Toýlyýewiň ekipažyny 13 minut, Andreý Suşensowyň toparyny bolsa 19 minut yzda galdyran Türkmenistanyň Awtomobil sporty federasiýasynyň wekili Maksatmyrat Daňatarow öňe saýlandy.
Toparlaýyn hasapdaky öňdeligi bolsa Andreý Suşensow elden bermeýär. Türkmenistanyň ekipažlary — Toýlyýewiň hem-de Daňatarowyň toparlary ikinji we üçünji orunlarda barýarlar.
«Ýüpek ýoly» rallisi 15-nji iýulda tamamlanýar.
16-nji awgustda ýurdumyzyň futbol çempionatynyň üçünji aýlawyna badalga berler. Şol gün bir duşuşyk geçirilip, onda «Aşgabat» – «Köpetdag» toparlary duşuşar.
Çempionatyň 19-njy tapgyry 17-nji awgustda «Ahal» – «Energetik» hem-de «Nebitçi» – «Merw» toparlarynyň arasyndaky duşuşyklar bilen jemlener. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasy habar berdi.
Dört aýlawdan ybarat bolan futbol çempionatymyzda toparlaryň 9-sy («Arkadag» – Arkadag şäheri, «Altyn Asyr», «Aşgabat», «Köpetdag» – hemmesi Aşgabat şäheri, «Ahal» – Ahal welaýatynyň Änew şäheri, «Şagadam» – Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheri, «Nebitçi» – Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheri, «Energetik» – Mary welaýatynyň Türkmenbaşy şäherçesi, «Merw» – Mary welaýatynyň Mary şäheri) çykyş edýär.
Ýurdumyzyň futbol çempionatynyň jemleýji, dördünji aýlawynyň duşuşyklarynyň geçiriljek wagty soň kesgitlener.
Azerbaýjanyň «Turan-Towuz» topary ýoldaşlyk duşuşygynda «Kýapaz» futbol klubyny 4:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Duşuşyk Gabala şäherinde oýnaldy.
Ýeri gelende bellesek, bu üstünlik «Turanyň» Gurban Berdiýewiň tälim bermeginde gazanan ikinji ýeňşidir. Türkmen hünärmeni 25-nji iýunda toparyň baş tälimçiligine bellenilipdi.
G.Berdiýewiň türgenleşdirmegindäki ilkinji oýnuny «Şamkir» klubyna garşy geçiren «Turan» şol ýoldaşlyk duşuşygynda 13:0 hasabynda ýeňiş gazanypdy.
«Ýüpek ýoly» rallisiniň ýedinji tapgyry Howd — Altaý ugry boýunça çarkandakly menzillerden uzady. 512,44 kilometrlik ýol ralliniň dört görnüşi boýunça öňdebaryjynyň üýtgemegine sebäp boldy.
Ýolsuz ýerde hereket edip bilýän ulaglaryň arasyndaky T2 ýaryşynda ýene-de Andreý Suşenkow tapgyryň ýeňijisi hökmünde bellige alyndy. Şondan soňky orny bolsa Türkmenistanyň ekipažy — «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň türgenleri Merdan hem Şöhrat Toýlyýewler eýeledi. Bu topardan bir sagat yzda barýan Türkmenistanyň Awtomobil sporty federasiýasynyň türgeni Maksatmyrat Daňatarowyň ekipažy üçünji boldy. Mihail Mitýaýew dördünji basgançakda ýerleşse, Meýlis Abdullaýew başinji basgançakda ornaşdy.
Ajaýyp awtosport baýramy 15-nji iýulda tamamlanar.
Amerikanyň Kubogynyň 2-nji ýarym final duşuşygy hem geçirilip, Argentinanyň finaldaky garşydaşy belli boldy. Şarlott şäherinde geçirilen ýarym final duşuşygynda Kolumbiýanyň ýygyndysy bilen Urugwaýyň ýygyndysy duşuşdy. Çekeleşikli hem-de dartgynly geçen oýunda ýeňiş gazanan topary ýeke-täk gol kesgitledi. Ony-da oýnuň 39-njy minutynda kolumbiýaly Jefferson Larma derwezä girizdi. Bu goluň pasyny beren Hames Rodriges şu ýaryşdaky 6-njy asistini etdi. Oýnuň 45+1-nji minutynda goragçy Daniel Munýos gyzyl kart alyp, Kolumbiýa 2-nji ýarymda 10 bolup oýnady. Emma Urugwaýyň ýygyndysyna hasaby deňlemek başartmady we 1-0 hasabynda ýeňiş gazanan Kolumbiýanyň ýygyndysy 23 ýyldan soň finala adyny ýazdyrdy. Bu olaryň 1975-nji we 2001-nji ýyllardan soňky 3-nji finalydyr. Kolumbiýanyň ýygyndysy mundan öň diňe bir gezek, 2001-nji ýylda Kopa Amerikanyň çempionlygyny gazanypdy.
48-nji Kopa Amerikanyň finalynda Argentina bilen Kolumbiýanyň ýygyndylary duşuşar. Duşuşyk duşenbe güni Aşgabat wagty bilen ir säherler 05:00-da başlanar. Duşuşyk Maýami Gardens şäherindäki «Hard Rock» stadionynda oýnalar.
Kolumbiýanyň ýygyndysy 28 oýundan bäri ýeňilmän gelýär. Olar soňky gezek 2022-nji ýylyň fewralynda Argentinadan 1-0 asgyn gelipdi. Şondan bäri geçirilen 28 oýunda argentinaly Nestor Lorenzonyň şägirtleri 22 oýunda ýeňiş gazanyp, 6 duşuşykda-da deňme-deň oýnadylar.
11-nji iýulda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň edara binasynda futbol boýunça Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň bijeleri çekildi. Bu gezekki bäsleşige Ýokary liga wekilçilik edýän toparlaryň 9-sy gatnaşar.
Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky bäsleşigiň geçiş tertibine laýyklykda, futbol çempionatymyzyň geçen möwsüminde soňky iki orny eýelän «Merw» bilen «Şagadam» toparlary deslapky tapgyrda güýç synanyşarlar. Bu toparlaryň arasynda geçiriljek oýunlaryň netijesinde ýeňiş gazanan topar çärýek finalda «Altyn Asyr» topary bilen duşuşar.
Bijeleriň netijeleri:
«Arkadag» – «Energetik»
«Nebitçi»– «Aşgabat»
«Ahal» – «Köpetdag»
«Altyn Asyr» – deslapky tapgyryň ýeňijisi
Deslapky tapgyryň duşuşyklary 11-nji hem-de 14-nji awgustda geçiriler. Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky bäsleşigiň çärýek finalynyň birinji duşuşyklary 24-25-nji awgustda, jogap oýunlary bolsa 2-3-nji sentýabrda geçiriler.
«Arkadag» topary 2024-nji ýylda futbol boýunça Türkmenistanyň Naýbaşy kubogyny almak üçin geçiriljek oýunda «Ahal» bilen güýç synanyşar. Bu barada TFF habar berýär.
Ýeri gelende bellesek, Wladimir Baýramowdan tälim alýan «Arkadag» kluby geçen möwsümde birbada iki ýaryşda — Türkmenistanyň Ýokary ligasynda hem-de ýurduň Kubogynda ýeňşini baýram etdi. Şeýlelikde, Naýbaşy kubok üçin oýunda «Arkadag» toparynyň garşydaşy Türkmenistanyň Kubogynyň geçen ýylky finalçysy «Ahal» bolar.
Naýbaşy kubogy almak ugrundaky duşuşygyň 28-nji sentýabrda geçirilmegine garaşylýar. Oýnyň geçiriljek ýeri we wagty guramaçylar tarapyndan goşmaça habar berler.
Maglumat üçin, «Ahal» 2014-nji ýylda Türkmenistanyň Naýbaşy kubogynyň eýesi bolupdy. «Arkadag» topary bolsa bu baýrak üçin ilkinji gezek meýdança çykar.
Türkmenistanyň Naýbaşy kubogynyň häzirki eýesi 2022-nji ýylda «Şagadamy» 3:1 hasabynda ýeňlişe sezewar eden «Altyn asyr» kluby hasaplanýar. 2023-nji ýylda Türkmenistanyň Naýbaşy kubogyny almak ugrundaky oýun geçirilmedi.
Söweş sungatlarynyň garyşyk görnüşiniň türkmen ussady Döwletjan Ýagşymyradow «PFL-iň» regulýar möwsüminiň ýarym finalynda tutluşyk geçirer.
Onuň ýarym agyr agramdaky nobatdaky garşydaşy awstraliýaly Rob Uilkinson bolar.
Ýeňil hem ýarym agyr agramlaryň ýarym final tutluşyklary Golliwudda geçer. Ol 17-nji awgustda säher bilen başlanar. Ýagşymyradow bilen Uilkinsonyň tutluşygynyň Aşgabat wagty bilen takmynan 06:00-da başlanmagyna garaşylýar.
Döwletjan Ýagşymyradowyň ýarym finala çykmak ugrundaky tutluşykda kamerunly Simon Biýongy ahmyrda goýandygyny ýatladýarys. Uilkinson bolsa öz nobatynda ABŞ-ly Joşua Silweýrany ýeňipdi.
«Ýüpek ýoly» rallisiniň Mongoliýanyň Howd şäheriniň golaýyndaky halkalaýyn ugur boýunça geçen altynjy tapgyry ýaryşyň iň uzyn bölegini özünde jemledi. 542,30 kilometre uzan tapgyr deňiz derejesinden 1040 — 1750 metr belentlikdäki çarkandakly menzillerden uzady.
Türkmen ekipažlarynyň gatnaşmagynda geçýän T2 ýaryşynyň altynjy tapgyrynda hem ýeňiş gazanan Andreý Suşenkow umumy hasap boýunça eýeleýän birinji ornuny kiç kime bermedi. Ildeşlerimiziň esasy bäsdeşlerinden biri bolan «LADA Sport ROSNEFT Raid» toparynyň sürüjisi Mihail Mitýaýewiň ulagy tehniki meseleler bilen ýüzbe-ýüz boldy. Bu bolsa onuň garşydaşlaryndan 10 sagat çemesi gijä galmagyna getirdi. Bäsleşikde ýeňşe dalaşgärleriň biri hasaplanýan «Podmoskowýe» toparynyň wekili Anton Melnikowyň ulagynyň herketlendirijisi dykyldy we ol ýaryşy wagtyndan öň tamamlamaga mejbur boldy.
Şeýlelikde, indi umumy hasapda öňde barýan Suşenkowyň esasy garşydaşlary türkmen ekipažlary bolup galdy. Olardan «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň sürüjileri Merdan we Şöhrat Toýlyýewler altynjy tapgyry ikinji orunda tamamladylar. 2022-nji ýylyň «Ýüpek ýoly» rallisinde ýeňiş gazanan türkmen topary umumy hasap boýunça Suşenkowdan iki ýarym sagatdan gowrak yzda barýar. Türkmenistanyň Awtomobil sporty federasiýasynyň ýene bir ekipažy — Maksatmyrat Daňatarowyň topary bolsa altynjy tapgyrda öňdäki üçlügi jemlemegi başardy.
Aşgabat şäherinde 2011-nji ýylda doglan we ondan kiçi ýaşly türgenleriň arasynda stoluň üstünde obýnalýan tennis boýunça ýaryş geçirildi. Türkmenistanyň Stoluň üstünde oýnalýan tennis federasiýasynyň guramagynda geçirilen ýaryşa Aşgabat we Mary şäherlerinde zehinli türgenler gatnaşdy.
Ýaryşyň maksady ýurtda stoluň üstünde oýnalýan tennisiň gerimini giňeltmekdir. Guramaçylar gatnaşyjylaryň ozalkylaryndan ep-esli kämilleşendiklerini aýratyn nygtadylar. Bu bolsa Türkmenistanda sportuň bu görnüşiniň geljeginiň has parlakdygyny görkezýär.
Federasiýanyň ýolbaşçysy Agamyrat Allanazarow bu ýaryşlaryň geljegiň milli ýygyndysyny esaslandyrmakdaky ähmiýetine aýratyn ünsi çekdi. Şeýle hem ýurtda stoluň üstünde oýnalýan tennisi galkyndyrmakda uly işleri alyp barýan döwlet Baştutanyna hoşallygyny beýan etdi.