Management of the Olympic town of
Administration of the Ashgabat city

06.11.2026

Türkmen ylgawçylary «Samarkand Marathon 2026» halkara marafonyna gatnaşarlar

7–8-nji noýabrda Özbegistanyň Samarkand şäherinde «Samarkand Marathon» atly halkara marafon ýaryşy geçiriler. Ýaryşa gatnaşyjylaryň arasynda Türkmenistanyň wekilleri hem bolar. Ýurdumyzdan «Tm Run Club» ylgawçylar jemgyýetiniň 11 agzasy bu marafon ýaryşyna gatnaşar.

Türkmen türgenleri 5 km, 10 km we 21,1 km aralyklara ylgamakda güýç synanyşarlar.

Guramaçylaryň bellemegine görä, şu ýyl 42,2 km aralyga dürli ýurtlardan gelen ussat türgenler, şol sanda Olimpiýa oýunlaryna we dünýä çempionatlaryna gatnaşan türgenler hem çykarlar.

2025-nji ýylda geçirilen «Samarkand Marathon» marafon ýaryşyna 53 ýurtdan 10 müňe golaý türgen gatnaşdy. 2026-njy ýylyň marafonyna bolsa häzirki wagta çenli 72 ýurtdan ylgawçylar hasaba alyndy.

Ýaryşyň badalga we pellehana nokatlary Registan meýdançasynda ýerleşer. Marafonyň belli bir ugry bolsa Samarkandyň taryhy merkezinden geçer.