Türkmenistanyň Basketbol federasiýasy FIBA-nyň maksatnamasyna sekiz dalaşgäri belligealdy
Türkmenistanyň Basketbol federasiýasy (TBF) «FIBA Table Official Licensing 2026» halkara maksatnamasy boýunça okuw we ygtyýarnama almak üçin sekiz dalaşgäri bellige aldy. Bu barada federasiýanyň metbugat gullugy habar berdi.
Maksatnama basketbol oýunlarynda kätipler stolunyň başynda hyzmat edýän hünärmenleri taýýarlamaga we olaryň hünär derejesini tassyklamaga gönükdirilendir. Olaryň borçlaryna oýnuň teswirnamasyny ýöretmek, oýun wagtyna gözegçilik etmek, 24 sekuntlyk wagt hasaplaýjy bilen işlemek, şeýle hem eminler topary bilen özara hyzmatdaşlyk etmek girýär. Maksatnamany üstünlikli tamamlamak hünärmeniň Halkara basketbol federasiýasy (FIBA) tarapyndan ykrar edilýän derejede hünär taýýarlygynyň bardygyny tassyklaýar we oňa bu guramanyň howandarlygynda geçirilýän resmi ýaryşlarda işlemäge hukuk berýär.
Türkmenistanyň Basketbol federasiýasynda dalaşgärleriň bellige alynmagynyň halkara derejeli hünärmenleriň — eminleriň, tälimçileriň we tehniki işgärleriň toparyny kemala getirmek boýunça alnyp barylýan işleriň bir bölegidigi bellenildi. Bu hünärmenler ýaryşlaryň FIBA-nyň standartlaryna laýyklykda geçirilmegini üpjün etmäge ukyply bolmalydyrlar. Federasiýa türkmen hünärmenleriniň halkara guramanyň maksatnamalaryna gatnaşmagyny giňeldýär we hünärmenleri taýýarlamagy milli basketbolyň dünýä derejesinde ösdürilmeginiň esasy şertleriniň biri hökmünde kabul edýär.
Habarda bellenilişi ýaly, bu işler Türkmenistanyň sporty ösdürmäge, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamaga we döwrebap sport infrastrukturasyny döretmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň çäklerinde alnyp barylýar.