News
2026-njy ýylyň 13-nji sentýabrynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň köpugurly sport toplumynda ITF usulyndaky taekwondo boýunça Aşgabat şäheriniň birinjiligi geçirildi. Ýaryşy paýtagtyň häkimliginiň Bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirligi gurady.
Ýaryşyň baş eminligine halkara derejeli sport ussady Orazmyrat Çaryýew ýolbaşçylyk etdi. Baş sekretaryň wezipesini bolsa sport ussady Annamyrat Goşanyýazow ýerine ýetirdi.
Göreş düşegine 150-den gowrak türgen çykdy. Olaryň 100-den gowragy Aşgabat şäheriniň sport mekdepleriniň türgenleri, 26-sy bolsa Mary welaýatynyň wekilleridir.
Ýaryş «Ýüpekçi» hojalyk jemgyýetiniň goldawy bilen geçirildi. Hojalyk jemgyýeti ýaryşyň hemaýatkäri hökmünde çykyş etdi.
Aşgabat atçylyk sport toplumynda guralan güýzki at çapyşyklary sportuň, medeniýetiň we milli sungatyň özboluşly sazlaşygyna öwrüldi. Türgenleriň görkezme çykyşlary, şeýle hem aýdymçylaryň, sazandalaryň we tansçylaryň baýramçylyk çykyşlary dabaranyň joşgunyny has-da artdyrdy diýlip, «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Dürli aralyklara geçirilen 11 çapyşygyň her birinde ýyndamlygy bilen tapawutlanan bedewler ýeňiş gazandy. 1 müň 400 metr aralyga geçirilen ilkinji çapyşykda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligine degişli Ýelmar II pellehana ilkinji bolup geldi. Şol aralyga geçirilen ikinji çapyşykda B.Handurdyýewiň eýeçiligindäki Ulydag ýeňiş gazandy. Üçünji çapyşykda bolsa Aşgabat şäher häkimliginiň eýeçiligindäki Älemgoşar diýen dor gysrak ýeňiş gazanyp, ilkinji ýeňişleriň hataryny dowam etdirdi.
Aýlawdaky bäsleşigiň aralygy uzaldygyça, bedewlerden talap edilýän çydamlylyk hem has aýdyň duýuldy. 1 müň 600 metr aralyga geçirilen dördünji çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Bellidag atly gyr at ýeňiş gazandy. Şol aralykdaky bäşinji çapyşykda hem Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Kanal atly akýal mele at pellehana birinji bolup geldi.
1 müň 800 metrlik çapyşyklarda bolsa aýlawdaky çekeleşik has-da dartgynly dowam etdi. Altynjy çapyşykda Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň Bakgara atly gara gysragy ýeňiji boldy. Ýedinji çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Täsin diýen mele at bellenilen aralygy 2 minut 13,5 sekuntda geçip, ýeňşe ýaran boldy.
Sekizinji çapyşykda bolsa birinji orny Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Gaplaň II diýen dor aty eýeledi. Ýaryşyň dokuzynjy çapyşygynda Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň Garajagaýa atly gara aty öňe saýlandy.
Aýlawyň 2 müň metrlik çapyşyklarynda hem bedewleriň çydamlylygy we yhlasy öz beýanyny tapdy. Onunjy çapyşykda I.Handurdyýewiň eýeçiligindäki Garaguş atly gara at 2 minut 22,2 sekunt netije bilen birinji ýeri eýeledi. Möwsümiň ilkinji günündäki iň soňky, on birinji çapyşykda bolsa Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Bezirgen diýen akýal mele at ýeňiş gazandy.
Türkmenistanyň ýetginjekler we ýaşlar ýygyndysynyň boksçylary Ispaniýanyň Alikante welaýatynyň La-Nusiýa şäherinde geçirilen «Boxam International Tournament 2026» atly halkara ýaryşynda üstünlikli çykyş etdiler.
Ýaryşa 21 ýurtdan 246 türgen gatnaşdy. Türkmenistanyň ýygyndysynyň düzüminde U15, U17 we U19 ýaş toparlarynda 17 boksçy çykyş etdi.
Ýaryşyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň ýygyndysynyň 10 wekili medal gazandy: 3 altyn, 3 kümüş we 4 bürünç medal.
Altyn medallary gazananlar:
Arslan Rejepow — 44 kilograma çenli agram derejesi (U15);
Ýunus Maşaripow — 66 kilograma çenli agram derejesi (U17);
Muhammetşarip Maşaripow — 75 kilograma çenli agram derejesi (U17).
Kümüş medallary gazananlar:
Rüstem Bahramow — 46 kilograma çenli agram derejesi (U15);
Samir Saburow — 80 kilograma çenli agram derejesi (U17);
Atabek Hojaýew — 52 kilograma çenli agram derejesi (U17).
Bürünç medallary gazananlar:
Ysmaýyl Mollaýew — 46 kilograma çenli agram derejesi (U17);
Ýazgeldi Amanmedow — 60 kilograma çenli agram derejesi (U19);
Ysmaýyl Orazmyradow — 80 kilograma çenli agram derejesi (U19);
Ezbermuhammet Myratdurdyýew — 63 kilograma çenli agram derejesi (U17).
Ýaryşyň U17 ýaş toparynda çykyş eden türgenleriň arasynda Ýunus Maşaripow «Ýaryşyň iň gowy boksçysy» diýlip ykrar edildi.
Awstriýa-Türkmen jemgyýetiniň prezidenti Neda Berger ahalteke bedewlerini «döwrüň nyşany» we «parahatçylygyň ilçileri» diýip atlandyrdy. Ol bu barada 4–6-njy sentýabrda Niderlandlaryň «Pilbergen» atçylyk-sport toplumynda geçirilen atly sport boýunça dünýä çempionatynyň we ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşiginiň çäklerinde geçirilen çäreleriň birinde eden çykyşynda belledi.
Neda Bergeriň sözlerine görä, häzirki zaman medeni diplomatiýasynda ahalteke bedewleri dostlugyň we hoşniýetliligiň nyşany bolup durýar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen 2026-njy ýylyň şygary astynda geçirilýän çempionat halkara jemgyýetçiliginiň Türkmenistana bolan gyzyklanmasyny has-da artdyrýar.
Ol ahalteke atlarynyň tohumynyň öz asyl keşbini häzirki güne çenli saklap gelen Türkmenistanyň özboluşly mirasydygyny nygtady. Neda Berger bu bedewleriň çydamlylygyny, wepalylygyny we owadanlygyny aýratyn belläp, olary «türkmen maşgalasynyň hakyky agzasy» diýip atlandyrdy. Şeýle hem ol 2023-nji ýylda ahalteke atçylyk sungatynyň we bedewleri bezemek däpleriniň ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmeginiň ähmiýetini aýratyn nygtady.
Awstriýa-Türkmen jemgyýetiniň prezidenti çykyşynda Awstriýa bilen Türkmenistanyň arasynda meňzeşlikleriň bardygyna hem ünsi çekdi. Iki ýurt hem hemişelik bitaraplyk derejesine eýedir we özleriniň meşhur at tohumlaryna — ahalteke we lipisany atlaryna uly söýgi bilen garaýarlar. Awstriýa-Türkmen jemgyýetiniň nyşanynda-da hut şu iki at tohumy şekillendirilendir.
Neda Berger «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary tarapyndan görkezilen çykyşlara ýokary baha berdi. Ol toparyň Monte-Karloda geçirilen halkara festiwallardaky, şol sanda Gran-pri bäsleşigindäki üstünliklerini, şeýle hem Bütindünýä sirk federasiýasynyň şahadatnamalaryna mynasyp bolandygyny aýratyn belledi.
Çykyşynyň ahyrynda Neda Berger ahalteke bedewlerine bagyşlanan öz goşgusyny okady.
Atly sport boýunça dünýä çempionaty we ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşigi 4–6-njy sentýabrda Niderlandiýanyň Kronenberg şäherindäki «Pilbergen» atçylyk-sport toplumynda geçirildi. Bu Türkmenistandan daşarda guralan şeýle uly göwrümli ilkinji çempionatdyr. Oňa dürli ýurtlardan 100-den gowrak at gatnaşdy. Bäsleşiklerden we gözellik ýaryşyndan başga-da, çäräniň maksatnamasyna Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň açyk mejlisi, ylmy maslahat hem-de türkmen medeniýetiniň sergisi girizildi.
Türkmenistanyň futbol boýunça ýaşlar ýygyndysy (20 ýaşa çenli) Aziýa Kubogy-2027-niň saýlama tapgyrynyň ikinji duşuşygynda Taýlandyň ýygyndysyndan 0:1 hasabynda ýeňildi. Muňa garamazdan, türkmen ýygyndysynyň ýaryşyň jemleýji tapgyryna çykmak mümkinçiligi saklanyp galýar.
«F» toparçasynyň çäginde geçirilen duşuşyk Taýlandyň Çonburi şäherinde boldy. Duşuşykdaky ýeke-täk goly 57-nji minutda ýer eýeleriniň hüjümçisi Siwa Pikulhom geçirdi. Duşuşykda hasap açylmanka iki toparyň hem derwezä gol salmak üçin mümkinçilikleri boldy. Jakrapon Upakaranyň urgusyny Türkmenistanyň ýygyndysynyň derwezeçisi Yzzat Erkinow saklady, Siwakon Ponsanyň jerime urgusy bolsa derwezäniň kese agajyna degdi.
Bu ýeňiş Taýlandyň ýygyndysy üçin BAE-niň milli ýygyndysyndan 1:0 hasabynda üstün çykyp başlan ýaryşyndan soňky yzly-yzyna ikinji ýeňşi boldy. Şeýlelikde, Jukkapant Punpiniň ýolbaşçylygyndaky ýygyndy toparçanyň tamamlanmagyna bir duşuşyk galanda iň ýakyn yzarlap gelýän toparlardan 3 utuk öňe saýlandy.
Iki tapgyrdan soň Türkmenistanyň ýygyndysy 3 utuk bilen ikinji orunda barýar we bu orny 3 utuk toplan Yragyň ýygyndysy bilen paýlaşýar. Türkmen futbolçylary ýaryşyň ilkinji duşuşygynda Ýragyň ýygyndysyndan Ýakupmuhammet Gowşudowyň we Weýisgeldi Orazdurdyýewiň geçiren gollarynyň netijesinde 2:1 hasabynda üstün çykypdylar.
Toparçadaky jemleýji duşuşyklar 6-njy sentýabrda geçiriler. Şonda Türkmenistanyň ýygyndysy BAE-niň topary bilen duşuşar, Taýland bolsa Yrak bilen oýnar. Şu duşuşyklaryň netijelerine baglylykda Türkmenistanyň ýygyndysynyň toparçada ikinji orny saklap-saklamajagy kesgitlener. Ikinji orun bolsa jemleýji ýaryşa gatnaşmaga hukuk gazanmak ugrundaky göreşi dowam etdirmäge mümkinçilik berýär.
Aziýa Kubogy-2027-niň ýaşlar ýygyndylarynyň arasyndaky saýlama tapgyryna jemi 31 topar gatnaşýar hem-de olar sekiz toparça bölünendir. Ýaryşyň jemleýji tapgyryna ýygyndylaryň sekiz ýeňijisi, ikinji orunlary eýelän iň gowy ýedi ýygyndy hem-de ýaryşyň ýer eýesi bolan Hytaýyň ýygyndysy — jemi 16 ýygyndy gatnaşar. U-20 Aziýanyň Kubogynyň jemleýji tapgyry 2027-nji ýylyň 24-nji martyndan 10-njy apreline çenli Hytaýyň Hançžou şäherinde geçiriler.
Türkmenistanyň türgenleri Gyrgyz Respublikasynda geçirilýän VI Çarwadarlaryň Bütindünýä oýunlarynyň göreş boýunça ýaryşlarynyň ilkinji gününde bir altyn we bir bürünç medal gazandylar.
Ýaryşy guraýjylaryň habar bermegine görä, 1-nji sentýabrda Çolpon-Atadaky «Gazprom» bedenterbiýe-sagaldyş toplumynda göreşiň üç görnüşi — mongol göreşi, kuraş we göreş boýunça 100 kilogramdan ýokary agram derejesinde ýaryşlar tamamlandy.
Türkmen türgenleriniň iň ýokary netijesi göreşde — milli göreş görnüşinde gazanyldy. Bu görnüşde çempionlyk adyna Annagurban Allaberdiýew mynasyp boldy. Kümüş medaly Gyrgyzystanyň wekili Asankeldi Nurkazym uulu, bürünç medallary bolsa Özbegistanyň we Owganystanyň türgenleri eýelediler.
Türkmenistanyň ýygyndysynyň medallar gaznasyna kuraş boýunça bürünç medal gazanan Kemal Kemalow hem goşant goşdy. Göreşiň bu görnüşinde ýeňşi Özbegistanyň wekili Numonjan Rajabow gazandy. Kümüş medal Eýranyň wekili Sadeg Azaranga, ikinji bürünç medal bolsa Gyrgyzystanyň türgenine gowşuryldy.
Ýaryş gününiň üçünji görnüşi bolan mongol göreşinde altyn medala Mongoliýanyň wekili Anar Dorž mynasyp boldy. Kümüş medaly Russiýanyň türgeni Monge Ertine Kuular gazandy, bürünç medallara bolsa Hytaýyň we Gyrgyzystanyň wekilleri eýe boldular.
Ýaryşlaryň netijeleri boýunça ýeňijilere 100 müň som, kümüş medal gazanan türgenlere 80 müň som, bürünç medalyň eýelerine bolsa 50 müň som möçberinde pul baýraklary gowşuryldy.
VI Çarwadarlaryň Bütindünýä oýunlary 31-nji awgustdan 6-njy sentýabr aralygynda geçirilýär. Oýunlaryň esasy çäreleri Çolpon-Ata şäherinde guralýar. Halkara ýaryşlaryna dünýäniň 100-den gowrak ýurdundan türgenler gatnaşýar. Ýaryşlar sportuň 43 görnüşi boýunça geçirilýär.
Ýaponianyň Nagoýa şäherinde XX tomusky Aziýa oýunlary tamamlandy. Bu oýunlarda Türkmenistanyň ýygyndy topary iki sany kümüş medal gazanyp, umumy medallar hasabynda 31-nji orny eýeledi.
Ýatladyp geçsek, karateçi Dawut Nazmyradow 75 kg çenli agram derejesinde finalda eýranly Morteza Nematä ýeňilip (3:4), kümüş medala eýe boldy. Agyr atletikaçy Şahzadbek Matýakubow bolsa 110 kg çenli agramda iki görnüşiň jemlemesi boýunça 410 kg (siltäp götermekde 188 kg we itekläp götermekde 222 kg) netije görkezip, diňe oýunlaryň rekordyny goýan (423 kg) Tokio – 2020 Olimpiada çempiony, özbegistanly Akbar Juraýewden yza galyp, kümüş medaly eýeledi.
Ýygyndy toparyň ýene birnäçe türgeni hormat münberine gaty ýakyn geldiler. Erkin göreşçi Zyýamuhammet Saparow (125 kg çenli) bürünç medal üçin tutluşykda gazagystanly Edyge Kasymbege utuldy (4:14). Onuň topardaşy Şatlyk Hemeläýew (97 kg çenli) bürünç medal üçin bäsleşikde 1:12 hasaby bilen ýaryşyň öý eýesi, ýaponiýaly Araş Ýoşida utulyp, jemleýji 5-nji orny eýeledi. Agyr atletikaçy Anamjan Rustamowa (86 kg çenli) 4-nji orny eýeledi. Karateçi Raýan Gurbanmyradow bolsa 60 kg çenli agram derejesinde çärýek finala çenli ýetmegi başardy.
Grek-rim göreşi boýunça iki türgenimiz hem bäşinji orny eýeledi. 17 ýaşly Aslan Agadadaýew (130 kg çenli) çärýek finalda taýlandly Anuça Ýospanyny 9:0 hasabynda uly üstünlik bilen ýeňdi, ýarym finalda özbegistanly Rafael Sisuaşwiliden (0:8), bürünç medal üçin tutluşykda bolsa günorta koreýaly Kim Min-sokdan utuldy (2:7). Amanberdi Agamämmedow (97 kg çenli) çärýek finalda hindistanly Niteş Siwaçdan (1:7), bürünç medal üçin tutluşykda bolsa mongoliýaly Ganbaataryyn Ganhýagdan utuldy (5:9).
Türkmenistanyň erkin göreş boýunça baş umydy bolan Alp Arslan Begenjowyň (86 kg çenli) çykyşyny hem bölekleyin bellemelidir. 20 ýaşynda ýaşlar arasynda 2024-nji ýylyň dünýä çempiony we 23 ýaşynda 2026-njy ýylyň Aziýa çempiony bolan türgenimiz ýaryşa hytaýly Hade Aýidusini ýeňip (5:1) başlady. Emma çärýek finalda 0:4 hasaby bilen mongoliýaly Suldhuu Olonbaýardan utulyp, medallar üçin göreşini tamamlady.
Yglan edilmedik toparlaýyn hasaplaşykda birinji orny Hytaýyň ýygyndy topary eýeledi — 169 altyn, 89 kümüş we 83 bürünç medal (jemi 341 medal). Ikinji basgançaga Ýaponiýa (83 – 95 – 91, jemi 269 medal), üçünji basgançaga bolsa Koreýa Respublikasy (39 – 43 – 68, jemi 150 medal) ýerleşdi. Ilkinji onluga Hindistan, Özbegistan, Eýran, Taýland, Gazagystan, Gonkong we Bahreýn hem girdi.
XX tomusky Aziýa oýunlary 19-njy sentýabr bilen 4-nji oktýabr aralygynda Nagoýada geçirildi. Oýunlara Aziýanyň 45 ýurdundan we çäklerinden gelen türgenler, şeýle hem bosgunlardan bolan türgenleriň topary — jemi 10,8 müň töweregi türgen gatnaşyp, sportuň 43 görnüşi boýunça baýraklary paýlaşdylar. Türkmenistanyň ýygyndy toparyna 57 adam wekillik etdi, olaryň 34-si türgen bolup, sportuň sekiz görnüşi — boks, sport göreşi, karate, kuraş göreşi, ýeňil atletika, ýüzmek, agyr atletika we uşu boýunça çykyş etdiler.
Türkmenistanyň «Arkadag» futbol kluby AFK-2 Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji möwsüminiň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji duşuşygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň «Al-Jazira» toparyndan 1:2 hasabynda asgyn geldi. Duşuşyk Abu-Dabide Mohammed bin Zaýed adyndaky stadionda geçirildi.
Duşuşygyň 55-nji minutynda Malkom hasaby açdy. 66-njy minutda «Arkadag» topary Abdy Bäşimowyň gol geçirmegi bilen, hasaby deňledi. «Al-Jazira» topary ýeňiş goluny goşmaça wagtda, ýagny 90+6-njy minutda geçirdi. Gol Mužkiçiň hasabyna ýazyldy. Duşuşyga Abdulla Jamaliniň ýolbaşçylygyndaky Kuweýtden gelen eminler topary eminlik etdi.
«B» toparçasynyň beýleki duşuşygynda Bahreýniň «Al-Muharrak» topary Eýranyň «Gol Gohar» toparyny 2:0 hasabynda ýeňdi. Duşuşyk Omanda, «Al-Sib» stadionynda geçirildi. Gollary Artur Rezende (48-nji minut) we Tabares (90+4-nji minut) geçirdi.
Iki tapgyrdan soň dört utuk toplan «Al-Jazira» (bir ýeňiş, bir deňlik) toparçanyň ýaryş tertibinde birinji orny eýeleýär. «Al-Muharrak» bilen «Arkadagyň» hersiniň hasabynda üç utuk bar. Ýeňilen we geçirilen gollaryň aratapawudy boýunça (+1) öňe saýlanýan Bahreýniň topary ikinji orunda, Türkmenistanyň «Arkadag» kluby bolsa üçünji orunda ýerleşýär. Bir utugy bolan «Gol Gohar» toparçanyň ýaryş tertibini jemleýär. Birinji tapgyrda «Arkadag» öz meýdançasynda «Al-Muharrak» toparyny 1:0 hasabynda ýeňipdi. «Al-Jazira» bilen «Gol Goharyň» arasyndaky duşuşyk bolsa 0:0 hasabynda tamamlandy.
Indiki tapgyrda, 28-nji oktýabrda, «Arkadag» «Gol Gohar» topary bilen duşuşar. Eýranyň topary garşydaşlaryny Täjigistanda kabul eder. Duşuşyk Gissar şäherindäki «Hisor» stadionynda geçiriler we ol Aşgabat wagty bilen sagat 18:45-de başlanar. Jogap duşuşygy 4-nji noýabrda Türkmenistanda geçiriler. Toparçalaýyn tapgyryň galan duşuşyklarynda «Arkadag» 25-nji noýabrda myhmançylykda «Al-Muharrak» bilen, 9-njy dekabrda bolsa öz meýdançasynda «Al-Jazira» bilen duşuşar.
Türkmenistanyň türgenleri Gresiýanyň Saloniki şäherinde tamamlanan sambo boýunça ýaşlaryň arasyndaky dünýä çempionatynda sekiz medal gazandylar. Ýaryşlar 2–4-nji oktýabrda «PAOK Sports Arena» sport toplumynda geçirildi.
Birinji gün oglanlaryň arasynda 64 kilograma çenli agram derejesinde Annamuhammet Annamuhammedow bürünç medal gazandy. 65 kg agram derejesinde gyzlar arasynda Jennet Hasanowa kümüş medalyň eýesi boldy, ol finalda Russiýa Federasiýasynyň wekili Wirineýa Maksimowa ýeňildi.
Ikinji gün türkmen türgenleri ýetginjekleriň arasynda söweş sambosy boýunça üstünlikli çykyş etdiler. Altyn medallara Alyhan Aýdogdyýew (58 kilograma çenli), Yslam Hemraýew (71 kilograma çenli) we Mälikberdi Begiýew (98 kilogramdan ýokary) mynasyp boldular. Resul Jebraýylow (64 kilograma çenli) we Welmyrat Nepesow (88 kilograma çenli) kümüş medal gazandylar. 79 kilograma çenli agram derejesinde bolsa Döwrangeldi Kakabaýew bürünç medala mynasyp boldy.
Türkmenistanyň «Ahal» futbol kluby AFK-nyň Çagyryş ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ilkinji duşuşygynda Butanyň «Paro» topary bilen 2:2 hasabynda deňme-deň oýnady. Duşuşyk Thimphu şäherindäki «Çanglimithang» stadionynda geçirildi. Türkmen kluby 2:0 hasabynda öňe saýlanandygyna garamazdan, duşuşygyň 90-njy minutynda derwezesine ikinji goly goýberip, ýeňşi elden gidirdi
«Ahal» 26-njy minutda hasaby açdy. Süleýman Mirzoýewiň pasyndan soň Aşyr Jumadurdyýew ýakyn aralykdan topy derwezäniň aşaky çep burçuna gönükdirdi. 38-nji minutda Ýakupmuhammet Gowşudow çep aýagy bilen uzak aralykdan urgy edip, topy derwezäniň ýokarky çep burçuna gönükdirdi we toparynyň artykmaçlygyny iki gola ýetirdi.
Arakesmeden soň «Paro» hasapdaky tapawudy azaltdy. 54-nji minutda Sidiki Jawara jerime urgusyndan çep aýagy bilen topy derwezäniň aşaky sag burçuna gönükdirip, hasaby 1:2 etdi. Duşuşygyň 90-njy minutynda bolsa Abduli Baldäniň gapdaldan geçiren pasyndan soň Mustafa Jallo kellesi bilen topy derwezä girizip, hasaby deňledi. Duşuşygyň baş emini esasy wagta bäş minut goşdy, ýöne galan wagtda hasap üýtgemedi.
Türkmenistanyň wise-çempiony «Ahal» AFK-nyň Çagyryş ligasyna ilkinji gezek gatnaşýar. «Paro» bolsa Butanyň çempiony diýen ada alty gezek mynasyp boldy. Topar şu möwsümde ýaryşyň toparçalaýyn tapgyryna yzly-yzyna üçünji gezek gatnaşmaga hukuk gazandy.
«A» toparçada Siriýanyň «Al-Ittihad» we Liwanyň «Al-Ansar» klublary hem çykyş edýär. «Ahal» indiki duşuşygyny 20-nji oktýabrda «Al-Ittihad» toparyna garşy geçirer. Duşuşyk Aşgabat wagty bilen sagat 20:00-da başlanar. Türkmenistanyň kluby toparçadaky çykyşyny 23-nji oktýabrda «Al-Ansar» bilen oýny bilen tamamlar. Bu duşuşyk Aşgabat wagty bilen sagat 17:00-da başlanar.
Toparçanyň ähli duşuşyklary Thimphu şäherinde bir aýlawly ulgam boýunça geçirilýär. Çärýek finala jemi sekiz topar çykar: Günbatar zolagyndan toparçalaryň üç ýeňijisi we ikinji orunlary eýelän toparlaryň arasynda iň gowy netije görkezen topar, Gündogar zolagyndan bolsa her toparçanyň iň gowy iki topary indiki tapgyra gatnaşmaga hukuk gazanar.
The youth team of Turkmenistan in football (up to 17 years) will meet with the Kyrgyz team in the match for the third place of the Championship of the Central Asian Football Association (CAFA).
The fight will take place on May 30 at the Tashkent stadium "Dustlik". The beginning of the match is at 21:00 in the Ashgabat time.
In the final of the tournament, the teams of Uzbekistan and Tajikistan will play. In fifth place, the teams of Iran and Afghanistan will compete.
As part of the group stage of the CAFA tournament, the Turkmen team led by the head coach Ahmed Allaberdyev won Afghanistan with a score of 1: 0, and then lost to the Tajik team (1: 4).
The opponents of the Turkmenistan youth football team (players under 23) in the qualifying tournament for the 2026 Asian Cup have become known.
According to the results of the draw, the Turkmen football players will play in group “A”, their opponents will be the national teams of Jordan, Chinese Taipei and Bhutan.
All matches of the group stage of the qualifying tournament will be held in a centralized format on the territory of Jordan in the capital of the kingdom, Amman. The games are scheduled for the period from September 3 to 9, 2025.
According to the tournament regulations, the winners of all groups of the qualifying tournament, as well as the four best teams that took second place, will qualify for the final part of the 2026 Asian Cup, which will be held from January 7 to 25 in Saudi Arabia.